Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

24.11.2017 | 2018-nji ýyldan Türkmenistanda “Maliýe we ykdysadyýet” žurnaly neşir edilip başlanar

Türkmenistanda “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnaly döredildi. Ol geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türkmen, iňlis, rus dillerinde çap ediler. Hökümetiň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.


24.11.2017 | Aşgabatdaky halkara sergide döwrebap tehnologiýalar we enjamlar gökeziler

2-4-nji dekabr aralygynda Aşgabatda importuň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisini geçirler. Sergide dürli pudaklar – nebitgaz, himiýa, oba hojalyk we azyk senagaty, saglygy goraýyş ulgamlary we beýlekiler üçin döwrebap enjamlar görkeziler.


24.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda arheologik gözlegleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisinde medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer A. Garajaýewe hem-de ylym we bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer S. Toýlyýewe Türkmenistanyň çäklerinde halkara arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy.


24.11.2017 | Türkmenistanyň we Awstriýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Aşgabatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar

4-5-nji dekabrda Aşgabatda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň 9-njy mejlisi hem-de onuň çäklerinde işewürler maslahaty geçirler. Bular barada hökümetiň mejlisinde söwda toplumyna we telekeçilik ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer O. Gurbannazarow habar berdi.


24.11.2017 | Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri energetika we aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

24-nji noýabrda hökümetiň mejlisinde habar berilişi ýaly, 20-21-nji noýabrda Owganystan Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň, kuwwaty 500 kWt bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


23.11.2017 | Türkmenistan halkara energetika işewürliginiň täze görnüşini işjeň ösdürýär

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” möhüm resminama bolup durýar. Onuň durmuşa geçirilmegi eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, türkmenistanlylaryň abadançylygynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam etmelidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulularyň geçen maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda bu maksatnamanyň esasy ugurlaryny kesgitledi. Onda milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak, sebitlerde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmek, bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ulgamynda anyk çäreleriň toplumy göz öňünde tutulýar.


23.11.2017 | Türkmenistan Serhetabat-Turgundy demir ýol şahasyny döwrebaplaşdyrmagyň taslamasyny durmuşa geçirýär

Aşgabatda “Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň arasynda Turgundy serhet stansiýasynyň demir ýol şahasyny düýpli abatlamak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek çäresi geçirildi.


22.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň awtomobil sporty merkezine bardy

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde ýerleşýän awtomobil sporty merkezine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz häzirki zaman ýaryş awtoulaglaryny synlady. Täze awtoulaglaryň IIM-niň garamgyndaky Awtosport merkeziniň ygtyýaryna gelip gowşandygy barada içeri işler ministri I.Mulikow Howpsuzlyk geňeşiniň düýn geçirilen göçme mejlisinde habar berdi, ol döwlet Baştutanymyza bu topluma baryp görmek hem-de täze awtoulaglary gözden geçirmek baradaky haýyş bilen ýüz tutdy.


22.11.2017 | Türkmenistanyň we Russiýanyň işewürleri topary netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyga geldiler

“Arçabil” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda altynjy türkmen-rus ykdysady maslahaty geçirildi, maslahaty gatnaşmak üçin Russiýa Federaýasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi, onuň düzüminde döwlet edaralarynyň we guramalarynyň birnäçesiniň, şeýle hem söwda, azyk senagaty, gurluşyk, elektron maglumat tehnologiýalary, maşyn gurluşyk, nebitgaz pudagy we beýleki ulgamlarda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň wekilleri bar.


22.11.2017 | Krakowda geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda TDU-nyň mugallymlary we talyplary üstünlikli çykyş etdiler

13-18-nji noýabrynda Krakow şäherinde (Polşa Respublikasy) geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üstünlikli çykyş etdiler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter