Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

05.03.2019 | Saýlawyň öňüsyrasyndaky möwsümiň nobatdaky tapgyry tamamlandy

5-nji martda Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna ozal çykyp gidenleriň ornuna dalaşgärleri bellige almak işi tamamlandy. Onuň dalaşgärleri görkezmek we bellige almak ýaly, ilkinji iki tapgyry ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygyna laýyk derejede geçdi. Ýokary halkara kadalara laýyk gelýän hakyky demokratik saýlawlary geçirmek üçin ygtybarly esas döredildi.


05.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mamuka Murjiknelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


04.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, sport we ýaşlar syýasaty ministriniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


04.03.2019 | Hazar deňzi: durnukly ösüş we dolandyryş

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly ýedinji okuw maslahaty öz işine başlady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça geçirilýän bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşy hasaplanylýan Halkara ummanlar instituty çykyş etdiler.


04.03.2019 | Resmi habarlar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Lebap welaýatynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


04.03.2019 | Türkmenistan - ÝB: durnukly ösüş maksadynda hyzmatdaşlyk

Şu gün ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky missiýasynyň baştutany Kristian Berger bilen Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


03.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti milli olimpiýa ýygyndysynyň taýýarlyk şertleri bilen tanyşdy we atçylyk toplumyna bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz ahalteke atçylyk toplumynda bolup, behişdi bedewler bilen didarlaşdy.


02.03.2019 | Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Şu gün Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahatyň işine gatnaşmaga ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.


02.03.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.


02.03.2019 | Türkmen milli konserwatoriýasyna Maýa Kulyýewanyň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine bolsa Myrat Garryýewiň atlary dakyldy

Türkmenistanyň Mejlisi “Türkmen milli konserwatoriýasyna Maýa Kulyýewanyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine Myrat Orazgulyýewiç Garryýewiň atlaryny dakmak hakynda” Karary, şeýle hem “Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Karary kabul etdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter