Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

07.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: sport jemgyýeti jebisleşdirýän, adamlary beýik üstünliklere ruhlandyrýan güýçdür

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakyndaky taryhy çözgüdi Garaşsyz Watanymyzyň sport älemindäki abraýynyň has ýokary derejelere galýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oýunlaryň açylmagyna on gün galmagy mynasybetli şu gün geçirilen dabarada eden çykyşynda belledi.


07.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň taryhy ähmiýetini belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat 2017” oýunlaryna on gün galmagy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy.


06.09.2017 | “Dalçyn” hususy kärhanasynyň hünärmenleri V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar

“Aşgabat 2017" oýunlaryna taýýarlyk görmek ýurdumyzyň durmuşynyň derwaýys meseleleriniň birine öwrüldi. V Aziýa oýunlary diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýa sebitinde müňlerçe tomaşaçylara we gatnaşyjylara gujak açjak iň iri sport baýramçylygydyr.


06.09.2017 | Sport üstünliklerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek bäsleşigi jemlendi

Bäsleşige ussat žurnalistler — merkezi we welaýat habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ştatdan daşary awtorlar — nebitçiler, gazçylar, mugallymlar, talyplar we beýlekiler gatnaşdylar. Gazetde çap etmek üçin işleriň 50-si-Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe — sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlaryny beýan edýän makalalar, fotoreportažlar, goşgular seçilip alyndy.


06.09.2017 | Daşoguzly ekerançylar pagta ýygymyna girişdiler

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna girişdiler. Bu ýerde hemişe bolşy ýaly, howa şertlerine görä, ýygym möwsümi ýurdumyzyň beýleki sebitlerine garanyňda biraz gijräk badalga alýar.


06.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti we IKAO-nyň geňeşiniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikler babatdan pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň geňeşiniň prezidenti jenap Olumuiwa Benard Aliuny kabul etdi.


06.09.2017 | Döwlet Baştutanymyz we russiýaly wise-premýer ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sergeý Prihodkony kabul etdi.


06.09.2017 | Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti milli Liderimizi V Aziýa oýunlaryna goldaw berýändigi üçin hoşallyk bildirdi

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.


05.09.2017 | Türkmenistan — BMGÖM: işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde BMG-niň Hemişelik wekili hanym Ýelena Panowanyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet işgärlerini taýýarlamak we okuw maksatnamalaryna maglumat usullaryny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


05.09.2017 | Türkmenistanyň kuraş boýunça ýygyndy topary “Aşgabat 2017” oýunlarynda altyn medaly almagy maksat edinýär

Türkmenistanyň iň gözel künjekleriniň biri – Gökdere şypahana zolagynda kuraş boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary “Aşgabat 2017” oýunlarynyň öň ýanyndaky iň soňky türgenleşiklerini geçirýär.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter