Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

19.10.2017 | Döwlet Baştutanymyz käbir ýobaşçylary wezipelere belledi

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:


18.10.2017 | Türkmenistanda halkara maslahaty

Paýtagtymyzda “Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar.


18.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasaryny—stats-sekretaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary—stats-sekretary Grigoriý Karasini kabul etdi.


18.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Moşe Kamhini kabul etdi.


17.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň golf-klubunyň işlemegine badalga berdi

Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ilkinji golf-kluby açyldy.


17.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti we “Niklaus” kompaniýasynyň ýolbaşçysy sport ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp masalahtalyşdylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Niklaus” kompaniýalar toparynyň baş direktory Jek Niklausy kabul etdi.


17.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sooronbaý Şaripowiç Žeenbekowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.


17.10.2017 | Döwlet Baştutanymyz: gadymy döwürlerde türkmenler golfa meňzeş çilik oýnunda bäsleşipdirler

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň golf-klubynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, täze sport toplumynyň dynç almak üçin meşhur künjege öwrüljekdigine ynam bildirdi.


17.10.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ilkinji golf-klubuň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ilkinji golf-klubunyň açylyş dabarasy boldy.


16.10.2017 | Oýunlar durmuşyň we taryhyň sapaklary ýaly ýa-da sportuň häzirki görnüşleriniň gadymy kökleri barada

Türkmen halky özüniň bäşmüňýyllyk taryhynyň dowamynda ýetmiş döwlet, şol sanda iri imperiýalary döretdi. Olar dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda uly yz galdyrdy. Ata-babalarymyz parahatçylyk söýüjilik we özboluşlylyk ýaly milli häsiýetleriniň bolandygyna garamazdan, ene topragymyzy we eziz Watanymyzyň garaşsyzlygyny goramak üçin köp uruşlary başdan geçirmeli boldular.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter