Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

18.09.2017 | Milli ýygyndymyzyň hasabynda 62 medal bar: 29 – altyn, 21 – kümüş we 12 – bürünç

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport ýaryşlary barha ýaýbaňlanýar. 18-nji sentýabr güni sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň baýrakly orunlaryna baý boldy. Ol sportda gazanylanlaryň üstüni ýetiren Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin hem üstünlige beslendi. Şunda dürdi derejeli baýlaklaryň 25-si, şol sanda 13 altyn, 7 kümüş we 5 bürünç medallar bilen ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň hatary artdy. Munuň özi medallaryň umumy gazanylan hasabynda öňdebaryjylygyny berkitmäge ýeterlik boldy. Häzire çenli ýaryşlaryň geçirilen günleriniň netijeleri boýunça milli ýygyndy toparymyzyň hasabynda dürli gymmatlyga bolan medallaryň 62-si ýygnandy. Şolaryň 29-sy altyn, 21-si kümüş we 12-si bürünç medallardyr.


18.09.2017 | Mämmetgulyýew türkmen tennisi üçin ykjam taýýarlyk görýär

Isa Mämmetgulyýew (Türkmenistan) hepdäniň ýekşenbe güni Aşgabat 2017-de ilkinji bäsleşen oýnunda öz duýgularynyň hötdesinden gelip ýeňiş gazanmagy başardy.


18.09.2017 | Dünýä köpçülikleýin habar beriş serişdeleri: V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy keşbi täzelenen Aşgabatdan pes täsir galdyrmady

“Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşy boldy”. Şanly waka baradaky bu habary dürli ýurtlaryň, ozaly bilen bolsa Aziýa sebitiniň köpsanly täzelikler hem-de sport elektron neşirleri, habarlar agentlikleri, tele we radio ýaýlymlary ýyldyrym çaltlygynda bütin dünýä ýaýratdylar.


17.09.2017 | Olimpiýa stadionynda «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy.


17.09.2017 | «Aşgabat 2017» oýunlarynyň alawyny alyp gelýän atlylaryň 17-si Olimpiýa stadionyna geldiler

2016-njy ýylyň 5-nji maýynda Nusaý döwlet taryhy-medeni goraghanasynda badalga berlen 500 günlük atly ýörişi dabaraly tamamlandy. Şonda bu ägirt uly ýörişiň başlanmagy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyna diňe watandaşlarymyzyň müňlerçesi däl-de, eýsem Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly işgärleri gatnaşdylar.


17.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: häzirki zaman dünýäde sport – halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetli düzüm bölegidir

Türkmenistanyň Prezidenti Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi.


17.09.2017 | Türkmenistanyň we Ermenistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan bilen duşuşdy.


17.09.2017 | Özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentini “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.


17.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.


17.09.2017 | Türkmen parlamentinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Mejlisde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topary bilen duşuşyk geçirildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter