Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.12.2017 | “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy

Ýola goýlan asylly däbe görä, ýetip gelýän Täze ýylyň öňýanynda “Döwletliler köşgünde” baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabarada onda terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.


24.12.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öň ýanyndaky dabara gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli “Mizan” işewürlik merkezinde guralan dabara gatnaşdy.


23.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti pakistanly kärdeşini TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy

Türkmenistanyň we Pakistanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ymtylýandyklaryny beýan etdiler.


23.12.2017 | Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


23.12.2017 | Türkmenistan Russiýanyň sebitleri bilen göni, netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


23.12.2017 | Birža söwdalarynda eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 75,5 million dollaryna golaý boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.


22.12.2017 | 2018-nji ýylyň çärelereniň maksatnamasy we nyşanlary işlenip taýýarlanyldy

22-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer A.Garajaýew geljek ýylyň “Türkmenistan –Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň maksatnamasynyň taslamasyny, şeýle hem 2018-nji ýylyň nyşanyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


22.12.2017 | Türkmenistanyň balykçylyk pudagy önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrýar

Ýurdumyzyň içerki bazarynda azyk bolçulygyny saklamak, ilatymyzy balyk önümleri bilen durnukly üpjün etmek, şeýle hem balyk serişdelerini saklamak we öndürmek maksady bilen bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça degişli çäreler görülýär.


22.12.2017 | Baýramçylyk günleri durmuş üpjünçiligi ulgamlarynyň sazlaşykly işi guralar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde jemagat hojalygy gulluklarynyň, lukmançylyk edaralarynyň, söwda kärhanalarynyň, jemgyýetçilik ulagynyň, energiýa we suw üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işlerini guramagy üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi.


22.12.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter