Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

15.02.2018 | “Buig” kompaniýasy Aşgabatda “Türkmenbaşy” we “Senagat” banklarynyň edara binalaryny gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky we “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda bu Banklaryň edara binalarynyň taslamasyny düzmek we ony kompýuter, mebel hem-de beýleki zerur tehniki enjamlar we serişdeler bilen doly enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy bilen şertnama baglaşar;


15.02.2018 | Paýtagtymyzyň häkimligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligi täze desgalary gurmaga şertnamalary baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Köpetdag şaýolunyň ugrunda Hökümet münberiniň binasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.


14.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda desgalaryň iri toplumynyň – edara binalaryny we söwda merkezlerini ulanmaga bermek dabarasy geçirildi, Ahal welaýatynda bolsa aýna önümleriniň önümçiligi boýunça kärhananyň açylyşy boldy.


14.02.2018 | Boks boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýarym finalçylary belli boldy

Paýtagtyň Olimpiýa şäherjiginde boks boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň ikinji güni tamam boldy. Paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň güýçli boksçularynyň çärýek finaldaky duşuşygy boldy.


14.02.2018 | Saýlawlara taýýarlyk: dalaşgärleri bellige almak dowam edýär

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň 25-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak we hödürlemek işleri dowam edýär.


13.02.2018 | Olimpiýa şäherjiginde boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy

Şu gün paýtagtymyzda boks boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň ilkinji ýaryşlary geçirildi. Ony Türkmenistanyň Boks Federasiýasy, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilelikde guraýarlar.


13.02.2018 | AFK-2018 Kubogy ugrundaky 2-nji saýlama tapgyrynyň çäklerinde “Ahal” Täjigistanyň “Hujand” toparyny ýeňdi

1-0 hasaby bilen tamamlanan duşuşyk Balkan welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köpugurly sport toplumynda geçirildi.


13.02.2018 | Parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş – Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatynyň baş ugurlary

14-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine girişmegine 11 ýyl dolýar.


13.02.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: Gurluşyk we elektroenergetika

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösmegi ençeme görkezijiler, şol sanda ýokary maýa goýum işjeňligi bilen tassyklanylýar. Bu gün gurluşyk toplumy giň gerimli döwlet maksatnamalaryny—senagatlaşdyrmak, döwrebap ulag düzümini döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, sebitleri özgertmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagy ugur edinýär.


13.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy TOPH taslamasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter