Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

27.09.2017 | Olimpiýa stadionynda V Aziadanyň ýapylyş dabarasy boldy

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy.


27.09.2017 | Türkmenistanlylar V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyndaky sportuň 21 görnüşiniň 15 sanysyndan baýrakly orunlara mynasyp boldy

Şu gün “Aşgabat 2017” oýunlarynyň iň soňky medallar toplumlary ugrunda bäsleşikler geçirildi. Tutuşlygyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öz bäsdeşlerinden has uly tapawut bilen umumy hasapda öňdeligi eýeledi.


27.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz we Okeaniýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy jenap Robin Mitçelli kabul etdi.


27.09.2017 | Ahmad Al-Fahad Al-Sabah: Aziýanyň Olimpiýa geňeşi Türkmenistany ynamdar we örän jogapkär hyzmatdaş hökmünde görýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda bolýan Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi.


27.09.2017 | Tegla Lorupe: bosgunlar topary türkmen Liderini öz Prezidentleri hasap edýärler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşan bosgunlar toparynyň ýolbaşçysy Tegla Lorupe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşmagyndaky başlangyçlary we tagallary üçin hoşallyklaryny we sagbolsunyny tüýs ýürekden beýan edip hat iberdi.


26.09.2017 | Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şeýle hem içeri syýasatyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


26.09.2017 | Medallaryň sany boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öňdeligi ynamly saklaýar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda tamamlanmagyna bir gün galanda Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda sportuň 9 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Watandaş türgenlerimiz sambo, kikboksing, grek-rim göreşi, küşt boýunça ýaryşlarda medallaryň 15-sine, şol sanda altyn medallaryň 4-sine mynasyp boldular.


26.09.2017 | “Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Ýerewan ugry boýunça uçuşlary ýerine ýetirmäge başlaýar

Türkmenistan bilen Ermenistanyň paýtagtlaryny baglanyşdyran ýene-de bir halkara ugur – Aşgabat-Ýerewan-Aşgabat ugry “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi.


26.09.2017 | "Aşgabat 2017" oýunlarynyň bezeg öwüşginlerinde Türkmenistanyň täsin milli mirasy şöhlelendirildi

"Aşgabat 2017" oýunlary diňe bir uly we nurana baýramçylyk bolman, eýsem-de, onda türkmen halkymyzyň medeni mirasy hem-de medeniýetimiziň beýik gazananlary ajaýyp, doly derejede dünýä görkezildi.


26.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan

V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda görkezilen ajaýyp sahnalaşdyrylan çykyşlaryň barşynda gadymy Marguş ýurduna amala aşyran syýahatymyzy jemlemek bilen, biz ägirt uly monitorda yşyk-lazer enjamy arkaly Kiçi we Uly Gyzgala, Soltan Sanjaryň kümmeti ýaly ýadygärlikleriň döreýşini gördük.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter