Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

28.02.2018 | “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ilkinji sany çapdan çykdy

“Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ilkinji sany çapdan çykdy. Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen täze neşiriň esaslandyryjysy bolup durýar.


28.02.2018 | Saýlawlara taýýarlyk: dalaşgärleri bellige almak tamamlandy

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 25-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilýän saýlawlaryň çäklerinde giňden ýaýbaňlanan taýýarlyk işleriniň möhüm tapgyry tamamlandy.


28.02.2018 | Türkmen zenanlary döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgadyny alarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2018-nji ýylyň 1-6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 40 manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.


27.02.2018 | Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň 2019-2020-nji ýyllar döwür üçin Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG-niň ÝYK) içerki ulag boýunça komitetiniň düzümine saýlanyldy. Bu habar BMG-niň Ženewadaky (Şweýsariýa) bölüminden gelip gowuşdy. Şol ýerde 20-23-nji fewralda abraýly hökümetara guramasynyň nobatdaky–80-nji mejlisi geçirilip, onuň işine türkmen wekiliýeti gatnaşdy.


27.02.2018 | Şermet Permanow grek-rim göreşi boýunça Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde grek-rim we erkin göreş boýunça badalga alan Aziýa çempionatynyň birinji güni grek-rim usuly boýunça 77 kilogram agram derejesinde çykyş eden türkmen pälwany Şermet Permanow hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.


27.02.2018 | Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Diplomatlaryň, jahankeşdeleriň we söwdagärleriň goşandy

Taryhy bir ýarym müň ýyldan gowrak dowam eden Beýik Ýüpek ýolunyň kemala gelmeginiň ilkinji ýyllarynda diplomatlar, täjirler we jahankeşde—alymlar onuň ähmiýetiniň hem-de meşhurlygynyň artmagynda aýratyn orun eýelediler. Olar ençeme aýlaryň dowamynda kerwenli ýol ýöräp, çölleri we daglary kesip, deňizlerden hem-de derýalardan geçipdirler.


27.02.2018 | Türkmen hokkeýçileri Saraýewodaky deslapky ýaryşda öňde barýar

Ýurdumyzyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýäniň üçünji diwizionynyň deslapky ýaryşlarynda ynamly badalga aldy. Bu ýerde BAE-niň, Kuweýtiň hem-de ýer eýeleri Bosniýanyň we Gersogowinanyň türgenleri biziň toparymyzyň bäsdeşleri boldular.


26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezinde bina edilen Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem “Beýik Ýüpek ýoly” köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi.


26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti we “Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory awtomobil sportunyň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada pikir alyşdylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory, belli fransuz türgeni, awtomobil ulaglaryndaky ýaryşlarda dünýäniň iki gezek çempiony, päsgelçiliklerden geçmek boýunça awtoralliniň Dünýä kubogynyň birnäçe gezek eýesi, “Pariž-Dakar” we “Africa Eco Race” ralli –marafonlarynyň ýeňijisi Žan-Lui Şlesseri kabul etdi.


26.02.2018 | Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň düzümine agza saýlanyldy

22-nji fewralda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň (BMG-niň ÝYK) Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen nobatdaky 80-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistany bu Komitetiň býurosynyň agzalygyna saýlamak baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter