Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

24.11.2017 | Türkmenistanda ýer gaznasy dörediler

Türkmenistanda ýurduň raýatlaryna ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek maksady bilen, ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça işler geçirilýär. Bular barada hökümetiň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň oba hojalygy boýunça orunbasary E.Orazgeldiýew habar berdi.


24.11.2017 | Türkmen dokma önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny atrdyrmak boýunça çäreleriň toplumy bellenildi

Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde 2018-nji ýylda dokma pudagynyň kärhanalaryny ýeňillikli bahalar boýunça pagta çig maly bilen üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


24.11.2017 | Bitaraplyk gününe we Täze ýyla bagyşlanylan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy düzüldi

Türkmenistanyň medeniýet ulgamy Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek işlerini alyp barýar. Däp boýunça durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralary dekabryň bu baýramçylyk wakalaryna gabatlanylar.


24.11.2017 | 2018-nji ýyldan Türkmenistanda “Maliýe we ykdysadyýet” žurnaly neşir edilip başlanar

Türkmenistanda “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnaly döredildi. Ol geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türkmen, iňlis, rus dillerinde çap ediler. Hökümetiň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.


24.11.2017 | Aşgabatdaky halkara sergide döwrebap tehnologiýalar we enjamlar gökeziler

2-4-nji dekabr aralygynda Aşgabatda importuň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisini geçirler. Sergide dürli pudaklar – nebitgaz, himiýa, oba hojalyk we azyk senagaty, saglygy goraýyş ulgamlary we beýlekiler üçin döwrebap enjamlar görkeziler.


24.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda arheologik gözlegleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisinde medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer A. Garajaýewe hem-de ylym we bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer S. Toýlyýewe Türkmenistanyň çäklerinde halkara arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy.


24.11.2017 | Türkmenistanyň we Awstriýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Aşgabatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar

4-5-nji dekabrda Aşgabatda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň 9-njy mejlisi hem-de onuň çäklerinde işewürler maslahaty geçirler. Bular barada hökümetiň mejlisinde söwda toplumyna we telekeçilik ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer O. Gurbannazarow habar berdi.


24.11.2017 | Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri energetika we aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

24-nji noýabrda hökümetiň mejlisinde habar berilişi ýaly, 20-21-nji noýabrda Owganystan Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň, kuwwaty 500 kWt bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


23.11.2017 | Türkmenistan halkara energetika işewürliginiň täze görnüşini işjeň ösdürýär

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” möhüm resminama bolup durýar. Onuň durmuşa geçirilmegi eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, türkmenistanlylaryň abadançylygynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam etmelidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulularyň geçen maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda bu maksatnamanyň esasy ugurlaryny kesgitledi. Onda milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak, sebitlerde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmek, bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ulgamynda anyk çäreleriň toplumy göz öňünde tutulýar.


23.11.2017 | Türkmenistan Serhetabat-Turgundy demir ýol şahasyny döwrebaplaşdyrmagyň taslamasyny durmuşa geçirýär

Aşgabatda “Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň arasynda Turgundy serhet stansiýasynyň demir ýol şahasyny düýpli abatlamak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek çäresi geçirildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter