Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

11.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşe «Ethiopian Airlines» awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň köp sanly işgärleriniň gurban bolandygy zerarly gynanç hatyny iberdi.


11.03.2019 | Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady.


10.03.2019 | 2020-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek ХХХII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň öňde boljak ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça Guramaçylyk toparynyň giňişleýin düzümdäki mejlisi geçirildi.


10.03.2019 | Futzal boýunça Türkmenistanyň ilkinji naýbaşy kubogy «Köpetdagda»

Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde futzal boýunça Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin naýbaşy kubogynyň eýesi belli boldy. Jemleýji bäsleşik Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi «Deňizçi» topary bilen ýurdumyzyň çempiony «Köpetdagyň» arasynda boldy.


10.03.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen özara hyzmatdaşlygyny uzakmöhletleýin esasda hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek bilen bagly çäreleri kadalaşdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Türkmenistanyň Goranmak ministrligine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň 2019-njy ýylyň 11 — 13-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirmek tabşyryldy.


09.03.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.


08.03.2019 | Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar

Şu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.


08.03.2019 | Maliýe-ykdysady neşiriň sahypalarynda

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategik wezipe hökmünde öňe süren milli ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmak ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmegiň şerti bolup durýar.


08.03.2019 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna

Sizi tebigatyň, jümle-jahanyň oýanyp, gözelligi, ýakymlylygy, ajaýyplygy bilen göwünlere ylham-joşgun paýlaýan bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


07.03.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere we taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter