Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

05.10.2017 | Türkmen telekeçileri önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrýarlar

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan 2017-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 36,3 göterim önüm köp öndürildi. Şunda, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 953,9 million manat artdy we ol 42,6 göterim ýokarlandy.


05.10.2017 | Döwlet Baştutanymyz syýasat boýunça wise-premýeri wezipä belledi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň dokuz aýynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarowy ykdysadyýet, banklar we halkara maliýe düzümleri bilen işlemek meseleleri boýunça wise-premýeriň borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatdy.


05.10.2017 | Türkmenistanda ýylyň başyndan bäri bahasy 4,5 milliard dollardan gowrak bolan desgalar bina edildi

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň dokuz ýynda ýylyň başyndan bäri bahasy 4,5 milliard dollardan gowrak bolan desgalar bina edildi. Bu barada Hökümetde gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklaryna gözegçilik edýän wise-premýer D.Amangeldiýew habar berdi.


05.10.2017 | Statistika baradaky döwlet komiteti: milli ykdysadyýet önümçiligiň durnukly ösüşini görkezýär

Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna laýyklykda 2017-nji ýylyň dokuz aýynda pudaklaryň köpüsinde öndürilýän önümleriň möçberleri yzygiderli aptdy.


04.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar Döwletiniň Emiriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.


03.10.2017 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi. Mejlisiň gün tertibine şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


03.10.2017 | Türkmenistanda Çili Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Çili Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Hose Manuel Silwa Widaurreden ynanç hatyny kabul etdi.


03.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentine Las-Wegas şäherinde bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Las-Wegas şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


02.10.2017 | Türkmenistan we Russiýa strategiki hyzmatdaşlyk hakynda şertnama baglaşdylar

Şu günüň ikinji ýarymynda türkmen paýtagtyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen geldi.


02.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter