Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

13.03.2018 | “Ahal” AFK-NYŇ Kubogy ugrundaky ýaryşyň esasy tapgyrynda ilkinji ýeňşini gazandy

“Ahal” futbol topary Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň çäklerinde ikinji tapgyrda Gyrgyzystanyň çempiony “Alaý” futbol topary bilen duşuşykda ynamly ýeňiş gazandy. Duşuşyk paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynda geçirildi.


13.03.2018 | Energetika ulgamynda sebit hyzmatdaşlygy

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Aziýanyň ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (MASYH)” maksatnamasynyň energetika ugry boýunça utgaşdyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.


12.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine we Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparlaryna

13-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlanýar. Sapar tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine barar.


12.03.2018 | Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň duşuşygy geçirilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň üçünji mejlisi öz işine başlady. Ony ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy bilelikde guradylar.


12.03.2018 | Hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi

Daşary işler ministrliginde bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Oňa iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.


12.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna ýüzlenmesi

Eziz watandaşlar!


12.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna, sebitleri ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meselelere, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.


12.03.2018 | Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


12.03.2018 | Marokkodaky turnirde dzýudoçylaryň ýene bir medaly

Marokko Patyşalygynyň Agadir şäherinde geçirilýän dzýu-do boýunça “Agadir Grand Prix” abraýly turnirinde watandaşymyz Batyr Hojamuhammedow bürünç medal eýeledi.


11.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Prezidentini BMG-niň Owganystandaky Missiýasynyň mandatynyň uzaldylýandygy hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter