Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

07.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň dynç alyş düzüminiň ösdürilişi bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ugramazynyň öň ýany degişli ýolbaşçylara howa menzilini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmaga degişli birnäçe tabşyryklary berdi.


06.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


06.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Tehas ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi.


04.11.2017 | Türkmenistanyň Mejlisi oýlap tapyşlaryň intellektuallygyň çäklerindäki hukuk goragy hakyndaky Karary kabul etdi

Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky ýigrimi dördünji maslahaty geçirildi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.


04.11.2017 | Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe Konwensiýa goşulmak hakynda kararlary kabul etdi

Türkmenistanyň Mejlisi “Halkara raýat awiasiýasy hakyndaky Konwensiýanyň 50 “a” we 56-njy maddalarynyň üýtgetmelerine degişli Teswirnamalaryna goşulmak hakynda”, “Halkara howa gatnawlarynyň käbir düzgünlerini bir nusga getirmeklige niýetlenilen Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Ýaragly çaknyşyklar mahalynda medeni gymmatlyklary goramak hakynda Konwensiýa hem-de oňa degişli 1954-nji we 1999-njy ýyllaryň Teswirnamalaryna goşulmak hakynda” Kararlary kabul etdi.


04.11.2017 | Türkmenistanyň DHÇMB-niň geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million dollaryna golaý boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.


04.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Döwlet baştutanynyň gutlagynda: „Size berkarar döwletimiziň gümrük syýasatyny durmuşa geçirmek, onuň ykdysady howpsuzlygyny we milli bähbitlerini goramak ugrunda alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin“—diýilýär.


03.11.2017 | Türkmen-täjik gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň ikinji güni milli Liderimiziň täjik kärdeşi, şeýle hem dostlukly ýurduň Mejlisiniň aşaky palatasynyň başlygy bilen duşuşyklary boldy.


02.11.2017 | Türkmenistan – Täjigistan: ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli strategiki hyzmatdaşlyk

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.


02.11.2017 | Türkmenistan dünýä energetika bazaryna goşulyşýar

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” (OGT — 2017) atly ХХII Halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ony “Türkmennebit” döwlet konserni we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter