Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

13.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesine belledi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Nobatow Meýlis Orazmyradowiçi başga işe geçmegi sebäpli ony bu gullugyň başlygy wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän maýor Gurdow Mergen Meretdurdyýewiçi bellemek hakynda Permanlara gol çekdi.


12.11.2017 | Türkmenistanda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi

Ýurdumyzda Hasyl toýunyň hormatyna paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýokary hasyl ussatlaryny sylaglamak dabaralary geçirilip, dürli medeni köpçülikleýin we sport çäreleri, maslahatlar we sergiler guraldy, bereketli saçaklar giňden ýazyldy.


12.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Hasyl toýy bilen gutlady

Ýurdumyzda Hasyl toýunyň baýram hökmünde döwlet derejesinde bellenmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki bu baýram halkymyzyň sahawatly türkmen topragyndan öndüren bol hasylyna buýsanjynyň aýdyň beýanydyr, ene topraga yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr-diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda aýdylýar.


11.11.2017 | Aşgabadyň küşt-şaşka mekdebiniň okuwçysy – abraýly halkara ýaryşyň kümüş medalynyň eýesi

Moskwada geçirilen Küşt federasiýasy asossasiýasynyň kubogy Mihail Botwinnik adyndaky ýaryşda GDA ýurtlarynyň 14 ýaşa çenli ýaşlarynyň arasynda geçirilen güýçli küştçüleriň bäsleşiginde ildeşimiz Azat Nurmämmedow kümüş baýragyna mynasyp boldy, ol ilkinjiligi eýelän moldowiýaly Iwan Skiskodan bary-ýogry ýarym bal yzda galdy. FIDE-niň küşt ussady, Aşgabadyň küşt-şaşka mekdebiniň okuwçysy Azat Nurmämmedow – Aziýa-2016-da 13 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda birinjiligi we dünýä çempionatynda ikinjiligi eýeledi.


11.11.2017 | Türkmenistanyň DHÇMB-niň geleşiklerinde esasy harydy nebit we dokma önümleri düzdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 62-si hasaba alyndy.


10.11.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary girizildi, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


10.11.2017 | Türkmenistan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini atdyrar

Türkmenistanyň energetikleri Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak boýunça işleri alyp barýarlar.


10.11.2017 | 13-15-nji noýabrda Aşgabatda we Daşoguzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri gepçiriler

Medeni maksatnama ynsanperwer ulgamda iki goňşy ýurduň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesi girizildi. Olaryň hatarynda Özbegistandan geljek myhmanlaryň resmii böleginiň ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde kabul edilmegi, döredijilik işgärleriniň duşuşyklary, kinolaryň görkezilişi, amaly-haşam sungatynyň sergileri hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň çykyşlary bar.


10.11.2017 | Türkmenistan Hasyl toýuny geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanda noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy belleniler. Baýramyň medeni mmksatnamasynyň çäklerinde Aşgabat atçylyk sport toplumynda oba hojalyk önümleriniň sergisini, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisini, sport ýaryşlaryny, milli oýunlary, sungat ussatlarynyň konsertlerini, at çapyşyklaryny guramak meýilleşdirilýär.


10.11.2017 | Er-Riýatda türkmen saud söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda boldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter