Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

22.02.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ga­za­gys­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry­ny ka­bul et­di

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra äh­mi­ýet­li çä­re­le­re gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na ge­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry As­kar Ma­mi­ni ka­bul et­di.


22.02.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň we­ki­li­ni ka­bul et­di

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň Mer­ke­zi we Gün­ba­tar Azi­ýa bo­ýun­ça de­par­ta­men­ti­niň baş di­rek­to­ry Wer­ner Li­pa­gy ka­bul et­di.


22.02.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ys­lam ösüş ban­ky­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ys­lam ösüş ban­ky­nyň wi­se-pre­zi­den­ti Man­sur Muh­ta­ry ka­bul et­di, ol ägirt uly hal­ka­ra äh­mi­ýet­li da­ba­ra­ly çä­re­le­re gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na gel­di.


21.02.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­si

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sa­pa­ry bi­len Ma­ry we­la­ýa­ty­na ug­ra­dy, bu ýer­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di.


20.02.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: obasenagat toplumy

Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy­na röw­şen sa­hy­pa bo­lup gi­ren 2017-nji ýyl köp san­ly mö­hüm wa­ka­la­ra baý bol­dy. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018 — 2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy» ka­bul edil­di. Şol mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, oba­se­na­gat önüm­çi­li­gin­de hem hil taý­dan ok­gun­ly ösüş ga­zan­ma­ly, ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­min­de oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň pa­ýy­ny ep-es­li art­dyr­ma­ly.


20.02.2018 | Pauer­lif­ting bo­ýun­ça türk­men tür­ge­ni kü­müş me­da­la eýe bol­dy

Du­baý şä­he­rin­de (Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri) müm­kin­çi­lik­le­ri çäk­li tür­gen­le­riň ara­syn­da pauer­lif­ting bo­ýun­ça dün­ýä Ku­bo­gy ug­run­da­ky ýa­ryş­lar­da türk­me­nis­tan­ly tür­gen Ser­geý Me­lad­ze 72 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­de kü­müş me­da­la eýe bol­dy.


20.02.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “СNH In­dust­rial” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­ki­li­ni ka­bul et­di

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “СNH In­dust­rial” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Azi­ýa — Ýu­waş um­many se­bi­ti bo­ýun­ça baş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Ste­fa­no Pam­pa­lo­ne­ni ka­bul et­di.


19.02.2018 | Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikler. Gadymy pul serişdeleri

Türkmen halkynyň taryhynda we medeniýetinde Beýik Ýüpek ýoly arkaly goýlan mirasa bagyşlanan ýörite makalalar toplumynda Gündogardan Günbatara we yzyna uzan taryhy ýoluň ugrunda ýaň salan kerwensaraýlar we bazarlar barada okyjylarymyza gürrüň berildi.


19.02.2018 | Wideoşekilli iş maslahatynda durmuş-ykdysady meselelere we öňde durýan çärelere taýýarlyk işlerine seredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarynyň, birnäçe ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň hem-de gurluşyk işleriniň barşyna garaldy.


19.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Awtomobil ulaglary ministrine käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Awtomobil ulaglary ministri Aýdogdyýew Maksat Toturbabaýewiçe käýinç yglan edildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter