Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

28.11.2017 | Türkmenistanda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisi açyldy

Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisi açyldy, şu ýyl Türkmenistan bu Konferensiýa başlyklyk edýär.


28.11.2017 | Türkmenistan - ÝHHG: häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça doly derejeli gepleşiklere

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşyk geçirildi, ol ýurdumyza Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşmak üçin geldi.


28.11.2017 | Türkmenistanda Kuba Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alfredo Nýewes Portuondodan ynanç hatyny kabul etdi.


28.11.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün iş maslahatyny geçirdi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.


27.11.2017 | Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Lebap welaýatynda döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak meselesine seredildi

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş sapary bilen ugrady, bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.


27.11.2017 | Aşgabatda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi geçirildi

Nebitgaz toplumynyň binasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti paýtagtymyza geldi.


27.11.2017 | “Türkmenabat-Farap” awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda monument gurlar

Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine şol bir wagtda buýrujy we baş potratçy hökmünde Amyderýanyň üstünden geçýän “Türkmenabat-Farap” awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda ýadygärlik ýazgyly monumentiň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak işlerini amala aşyrmaga ygtyýar berildi.


27.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň häkimini çalyşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Çarlyýew Çarygeldi Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.


27.11.2017 | Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynda wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen:


27.11.2017 | Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişigine üýtgeşmeler girizildi

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek, iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi Lebap welaýatynyň, onuň şäherleriniň we etraplarynyň häkimlikleriniň hem-de degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde welaýatyň etraplarynyň hem-de şäherleriniň ýerleşiş ýagdaýlarynyň ykdysady netijeliliginiň, olary birikdirmegiň maksada laýyklygynyň seljermesini geçirdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter