Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

02.12.2017 | Merkezi topar Mejlisiň altynjy çagyrylyşygynyň deputatlarynyň saýlawyna taýýarlyk çärelerini tassyklady

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat etrap we şäher halk maslahatlarynyň dördünji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň sekizijiji çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk meselelerine bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparlarynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


02.12.2017 | Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 5 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.


02.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara gutlag bilen ýüzlendi

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň yzygiderli ösdürilmegi, ýokary tehnologiýalara, innowasiýalara daýanýan önümçilikleriň döredilmegi Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.


01.12.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna garaldy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


01.12.2017 | Türkmen taekwondoçylarynyň üstünligi

Şu gün Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde söweş sungatlarynyň görnüşleriniň VII halkara oýunlary badalga aldy. Oýunlaryň çäklerinde başa-baş söweşleriň 15 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirilýär.


01.12.2017 | 5-6-njy dekabrda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

Döredijilik çäresini geçirmek üçin dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň işgärlerinden we sungat ussatlaryndan ybarat wekilçilikli topar ýurdumyza geler.


01.12.2017 | Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň Döwlet maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegi we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny işlenilip taýýarlanyldy. Bu barada hökümetiň mejlisinde ylym-bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer S.Toýlyýew habar berdi.


01.12.2017 | Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar

Şu ýylyň 4–5-nji dekabrynda wise-premýer, daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar. Bu duşuşyga görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde habar berildi.


01.12.2017 | Anahaýmda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynda ilkinji medal

Anahaýmda (ABŞ) geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ilkinji medallaryny gazandy. Zenanlaryň arasynda 53 kilograma çenli agram derejesinde watandaş gyzymyz, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Kristina Şermetowa üç medal – umumy agram boýunça kümüş medalyny hem-de ştangany çekip we itip galdyrmakda iki sany bürünç medalyny gazanmagy başardy.


01.12.2017 | Myrat Arçaýew Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellendi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Myrat Gurbandurdyýewiç Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi. Häzire çenli ol Döwlet ministriniň – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter