Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

11.12.2017 | Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 22 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahaty geçirildi.


11.12.2017 | Ýurdumyz boýunça Halkara bitaraplyk güni mynasybetli binagärlik desgalarynyň açylyş dabaralary boldy

Şanly senäniň hormatyna täze binalaryň birnäçesini birbada ulanyşa bermek babatdaky asylly däp Türkmenistanyň uly ykdysady kuwwatynyň bardygyna, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijelilidigine ynamly şaýatlyk edýär.


11.12.2017 | Daşary ýurtlaryň baştutanlary we tanymal syýasatçylar Hormatly Prezidentimize Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlag hatlaryny iberdiler

Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge goşýan uly goşandynyň ählumumy ykrar edilmegi BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara Bitaraplyk güni hakynde Kararnamany kabul etmegi bilen tassyklanyldy. Belarus Respublikasy bu çözgüdi diňe goldamak bilen çäklenmän, eýsem, onuň ilkinji awtordaşy bolup, biziň ýurtlarymyzyň daşary syýasatynyň ýörelgeleriniň ýakyndygyny görkezdi. Ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan belarus-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösjekdigine ynanýaryn – diýip Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň hatynda bellenýär.


11.12.2017 | Neşe hem-de neşe serişdelerini, çilimleri we psihotrop maddalary ýakyp ýok etmek çäresi boldy

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde geçiren birnäçe gözleg işleriniň netijesinde ele salnan neşe hem-de neşe serişdelerini, çilimleri we psihotrop maddalary ýakyp ýok etmek çäresi boldy. Ýurdumyzyň Hökümeti, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreşmek baradaky döwlet utgaşdyryjy toparyň hem-de Içeri işler ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki döwrüň örän howply wehimleriniň birine garşy durmak babatda alyp barýan işleriniň subutnamasyna öwrüldi.


11.12.2017 | Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlar gowşuryldy

Ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Munuň özi ýurdumyzyň halkara-hukuk kadalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny äşgär etmek bilen, migrasiýa syýasatynyň meseleleriniň netijeli çözülýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.


11.12.2017 | BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň 10 ýyllygynyň hormatyna halkara maslahat

Şu gün paýtagtymyzda “Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi.


11.12.2017 | Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy barada hormatly Prezidentimize habar berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.


11.12.2017 | “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimize Galkynyş känindäki işleriň barşy barada habar berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublkasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Sung Sang-Roky kabul etdi.


11.12.2017 | “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy geljegi uly türkmen bazarynda tutýan ornuny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.


11.12.2017 | GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň XII maslahaty açyldy

Russiýanyň paýtagtynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň XII maslahaty açyldy, oňa Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter