Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

04.02.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç günüdigine garamazdan, Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, milli atçylygy ösdürmegiň, köpçülikleýin sporty wagyz etmegiň hem-de öňde boljak möhüm sport wakalaryna taýýarlyk görmegiň meselelerine üns berdi.


04.02.2018 | Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri iki medal gazandylar

Tähranda (Eýran Yslam Respublikasy) tamamlanan Ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça 8-nji Aziýa çempionatynda biziň türgenlerimiz bürünç medallaryň ikisini gazandylar.


03.02.2018 | TDHÇB-nyň söwdalarynda eksport geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 10 million dollaryna golaý boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.


03.02.2018 | Pekinde Türkmen-hytaý syýahatçylyk maslahaty geçirildi

2-nji fewralda Pekinde syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-hytaý maslahaty geçirildi. Ol ýurdumyzyň HHR-däki ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti, “Şuangsýun” we “Beýçen” hytaý kompaniýalary bilen bilelikde guraldy.


03.02.2018 | 2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny tassyklanyldy

Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisiniň barşynda 2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.


03.02.2018 | Senagat tehnologiýalarynyň sergisi: dünýä işewürlik bileleşigi türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýär

Aşgabatda senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň Halkara sergisi öz işini tamamlady. Giň möçberli çäre Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen köptaraply söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmeginiň netijeli guralyna öwrüldi we ýurdumyzyň senagatynyň gazananlaryny, şeýle hem bu ugurdaky ägirt uly mümkinçilikleri we ösüş ugurlaryny beýan etdi, bu ulgama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýedi ýylyň dowamynda ýurdumyzy ösdürmegiň Maksatnamasynda möhüm ähmiýet berýär.


02.02.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri, döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


02.02.2018 | Fewralda türkmenistanlylar Karawajonyň we eýran medeniýetiniň eserleri bilen tanşar

Fewral aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasynda meşhur italýan suratkeşi Mikelanjelo Merizi da Karawajonyň saýlanan eserleriniň sergisi bar. Bu sergi 7-25 –nji fewral aralygynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler.


02.02.2018 | AHHG-da Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň esasy wezipeleri kesgitlenildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökmetiň meöjlisinde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň maslahaty barada aýdylan habary teswirläp, ekologiki we suw-energetiki meseleler boýunça türkmen tarapynyň başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi.


02.02.2018 | Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly ösüş görkezýär

2018-nji ýylyň ýanwar aýyna bagyşlanylan Hökümetiň mejlisinde wise-premýer G.Myradowyň habar berşi ýaly, geçen degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň ösüşiniň umumy möçberi boýunça ösüş depgini 3,8 göterim artdy. Tutuşlygyna milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça ýokary netijeler gazanyldy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary bellenilen çäklerde durnukly saklandy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter