Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

15.12.2017 | Täze ýylyň öňýanyndaky günlerde türkmenistanlylara baý medeni maksatnama garaşýar

Hökümetiň mejlisinde wise-premýer A. Garajaýewiň habar berşi ýaly, täze, 2018-nji ýyly garşylamaga işjeň taýýarlyk görülýär. Täze ýylyň öňýanyndaky günlerde paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda we medeni merkezlerinde konsertler hem-de beýleki döredijilik çäreleri geçiriler


15.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklady

15-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer S. Toýlyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirligi bilen bilelikde taýýarlan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasyny hödürledi. Maksatnama 2018-2021-nji ýyllarda üçin niýetlenip, daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen halkara ylmy gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, gazuw-agtaryş işlerine meşhur alymlaryň çekilmegini göz öňünde tutýar.


15.12.2017 | Awtorlyk hukugynyň obýektlerini hasaba almak bilen bagly hereketler üçin ýygymlaryň Tertibi tassyklanyldy

“Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, awtorlyk hukugynyň obýektlerini hasaba almak bilen bagly hereketler üçin ýygymlaryň Tertibi, hereketleriň sanawy we ýygymlaryň möçberleri tassyklanyldy.


15.12.2017 | Ýazguly Mämmedow Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýazguly Öwezgylyjowiç Mämmedow şol bir wagtda Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi wezipesine bellenildi.


15.12.2017 | Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar

Turgundy bekediniň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, Owganystanyň çäklerinde demir ýoluň gurluşygy meýilnama laýyklykda barýar. Bular barada ulag we aragatnaşyk meseleleri boýunça wise-premýer B. Annameredow hökümetiň mejlisinde habar berdi.


15.12.2017 | Ahal welaýatynda täze aýna kombinaty önümleriň synag görnüşlerini çykaryp başlady

Aýna önümçiligi üçin esasy çig-mal hökmünde ulanylýan kwars çägesini taýýarlamak boýunça fabrigi öz içine alýan iri senagat toplumynyň gurluşygyna 2015-nji ýylda badalga berildi. Taslama ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän gurluşyk serişdelerini çykarmak boýunça döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirildi.


15.12.2017 | Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygyň halkara ölçegleri ornaşdyrylar

Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygyň milli ulgamy halkara ölçeglerine laýyk getirler. Munuň üçin 2018-nji ýylyň dowamynda usulyýet gollanmalaryny taýýarlamak, maglumat üpjünçiligini ornaşdyrmak, öňdebaryjy maliýe düzümleriniň bilermenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny guramak ýaly işleri goşmak bilen taýýarlyk görmek boýunça zerur çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.


15.12.2017 | Aşgabatda russiýaly sirk artistleriniň çykyşlary görkeziler

Ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli paýtagtymyzda badalga berlen çäreler ýakyn günlerde beýleki baýramçylyk şüweleňleri bilen dowam eder.


14.12.2017 | Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda türkmen-amerikan işewür geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary girizildi.


14.12.2017 | Döwlet baştutanlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolandan soňra Türkmenistan sebitde durnuklylygyň kepiline öwrüldi. Siziň başlangyjyňyz boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi Siziň ýurduňyzyň sebitde we bütindünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň kemala gelmegine goşýan goşandynyň ykrarnamasydyr. Türkiýe geljekde hem Siziň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyňzy goldar diýlip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen hatynda bellenilýär.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter