Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

17.05.2020 | Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat

Şu gün, ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda, ýurdumyzyň Mejlisi Daşary işler ministrligi bilen bilelikde ylmy-amaly maslahat geçirdi.


17.05.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.


15.05.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


15.05.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat

Şu gün BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda onlaýn görnüşde BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň hemişelik komitetiniň 4-nji mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça wideoforuma ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.


15.05.2020 | Resmi habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.


14.05.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar we duşuşyklar geçirildi

Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde onlaýn tertibinde duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda dünýäde ýaýran ýokanç keseliň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýyna, şol sanda makro we mikro ykdysady görkezijilerine täsiri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


14.05.2020 | Elektron tehnologiýalaryny ösdürmek üçin düzümleri we şertleri döretmek

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanlylaşdyrmagy milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaýyn meselelerini çözmegiň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolup durýar. Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, sanly ykdysadyýet olara öňe ilerlemäge we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi.


14.05.2020 | Türkmenistanyň we Belarusyň Döwlet habarlar agentlikleri hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) we Belarus Respublikasynyň Belarus telegraf agentligi BelTA — iri döwlet habarlar agentliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda maglumatlary alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ikitaraplaýyn Ähtnamanyň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy.


13.05.2020 | Milli Liderimiz Berdimuhamet Annaýew adyndaky harby mekdebe ýadygärlik gymmatlyklary gowşurdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärä — Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine ussat mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny gowşurmak dabarasyna gatnaşmaga geldi.


13.05.2020 | Täze neşirler: Bitaraplyk derejesi durmuş-ykdysady nukdaýnazardan

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň binasynda şanly senä — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter