Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

29.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.


29.06.2018 | Ýokary ruhubelentlik — Watanymyzyň bagtyýar durmuşynyň esasy

Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde halkymyzyň gadymdan gözbaş alýan däplerine laýyklykda, Gurbanguly hajy metjidinde hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna, il-ýurt abadançylygynyň hatyrasyna toý sadakasy berildi.


29.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň! Siz öz ýurduňyzyň has-da ösmegi üçin uly tagallalary edýän parasatly we öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde Watanyňyzda hem-de daşary ýurtlarda uly hormatdan peýdalanýarsyňyz. Russiýada döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy, ähli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek boýunça edýän tagallalaryňyza ýokary baha berýärler.


29.06.2018 | MILLI LIDERIMIZIŇ BELENT MAKSADY

Häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuşy giň möçberli işler hem-de uly üstünlikler bilen kesgitlenilýär. Täze eýýamyň şöhratly ýyl ýazgysy hem şolardan emele gelýär. Biziň gazananlarymyzy näme bilen ölçemek bolýar? Çünki olar diňe bir sanlarda we maglumatlarda beýan edilmän, eýsem, täze döwrüň ruhunda, onuň döredijilik ýagdaýynda hem-de ägirt uly özgertmeleriň depgininde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde resmi taýdan işe girişmek dabarasynda eden çykyşynda şeýle diýdi:


29.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


29.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary - “Uzbekiston temir ýullary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Açilbaý Ramatowy kabul etdi.


29.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.


28.06.2018 | 1 million tonna türkmen gallasy taýýar!

Türkmenistanyň gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar — ýurdumyzyň galla kabul ediş bölümlerine 1 million tonnadan gowrak bugdaý gelip gowuşdy. Ýetilen sepgit gallaçylaryň esasy wezipesiniň - ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak wezipesiniň hötdesinden abraý bilen geljekdiklerine ynam döredýär.


28.06.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisde Prezident maksatnamasynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine garaldy, şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


28.06.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly wezipesine bellenildi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter