Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

04.01.2018 | Türk­me­nis­tan 2018-nji ýyl üçin iň go­wy sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da

Sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň hem-de meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we iri ýö­ri­te­leş­di­ri­len ne­şir­le­riň, mag­lu­mat­lar se­riş­de­le­ri­niň ün­sü­niň art­ma­gy hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gyň tä­ze gel­je­gi uly ug­ry hök­mün­de ýur­du­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ke­ma­la gel­ýän sy­ýa­hat­çy­ly­gyň we myh­man­sö­ýer­li­giň mil­li nus­ga­sy­na bü­tin dün­ýä­de gy­zyk­lan­ma­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.


04.01.2018 | Özbegistanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


04.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe işgärleri wezipelere belledi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Kararlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda:


04.01.2018 | Dostlukly döwletleriň liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl bilen gutlaýarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze, 2018-nji ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli gutlaglaryny Kuweýt Döwletiniň Emiri Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah, Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas, Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenko iberdiler.


03.01.2018 | Döwlet Baştutanlary we görnükli syýasatçylar hormatly Prezidentimize täze ýyl mynasybetli gutlaglaryny iberýärler

Döwlet Baştutanlary we görnükli syýasatçylar hormatly Prezidentimize täze ýyl mynasybetli gutlaglaryny iberýärler


03.01.2018 | Hormatly Prezidentimiz wezipä bellemek boýunça Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Garajaýew Annageldä berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.


02.01.2018 | Türkmenistan ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitleýär

“Biz 2018-nji ýyla «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip at berdik. Ata Watanymyz üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda aýtdy.


02.01.2018 | Mekdep okuwçylarynyň 7 müňden gowragy gyşky dynç alyşlaryny Gökderäniň sagaldyş merkezlerinde geçirerler

Şu gün Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada dabaraly çäre boldy. Bu çäre çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümine badalga berdi. Çagalar Türkmenistanyň iň ajaýyp künjekleriniň birine—gözel Gökderä ugraýarlar. Şol ýerde 10-dan gowrak dynç alyş we sagaldyş merkezleri ýerleşýär.


02.01.2018 | Hajymyrat Hajymyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Hajymyrat Iskanderowiç Hajymyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy wezipesine bellenildi. Ozal ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşkler toplumyny dolandyrmak we düýpli gurluşyklar müdiriýetiniň başlygy wezipesinde işleýärdi.


02.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Norwegiýanyň Patyşasy Harald V, Daniýanyň Patyşasy Margrete II, Tonganyň Patyşasy Tupou VI, Kanadanyň General-gubernatory Žýuli Peýett, Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Petsi Reddi, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Donald Tusk, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Halil Ibragim Akça Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlaryny iberdiler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter