Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

31.07.2018 | Res­mi ha­bar­lar

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän il-ýurt bäh­bit­li tu­tum­ly iş­le­riň tä­ze dö­re­dil­ýän ki­nos­se­na­ri­ler­de, pýe­sa­lar­da, ro­man­lar­da, po­west­ler­de, iri göw­rüm­li poe­ma­lar­da çe­per be­ýan edi­li­şi­ni hem-de ola­ryň kä­mil ma­ny-maz­mun­ly bol­ma­gy­ny ga­zan­mak, dün­ýä­niň ta­ry­hyn­da mü­di­mi­lik yz gal­dy­ran be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň buý­sanç­ly keş­bi­ni ebe­di­leş­dir­mek, ýur­du­my­zyň ilat­ly ýer­le­ri­niň ru­hy-me­de­ni keş­bi­ni has-da gö­zel­leş­dir­mek, şeý­le hem gel­jek­de ýur­du­my­zyň paý­tag­tyn­da we we­la­ýat­la­ryn­da go­ýul­jak heý­kel­le­ri, ýer­leş­di­ril­jek port­ret­le­ri se­çip al­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da:


31.07.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň PER­MA­NY A.B.Işa­now ha­kyn­da

Aman­dur­dy Bek­dur­dy­ýe­wiç Işa­no­wy Türk­me­nis­ta­nyň söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne bel­läp, ony Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­sin­den bo­şat­ma­ly.


31.07.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň PER­MA­NY B.Ş.Ça­ry­ýe­w ha­kyn­da

Be­genç Şa­dur­dy­ýe­wiç Ça­ry­ýe­wi Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne bel­le­me­li.


30.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşykda nobatdaky wideoşekilli maslahaty geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.


30.07.2018 | Türkmenistanyň ulag toplumynyň kuwwaty artýar

Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda hereket edýän we gurulýan täze awtomobil hem-de demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek we giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.


28.07.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.


27.07.2018 | Res­mi ha­bar

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry bi­len, Yl­ýas Ak­mu­ham­me­do­wiç Ga­ýy­pow Türk­me­nis­ta­nyň Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da­ky (Ma­şat şä­he­ri) Baş kon­su­ly we­zi­pe­si­ne bel­le­nil­di.


27.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Permanlara gol çekdi

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň PER­MA­NY P.H.Dur­dy­ýew ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­syn­da­ky (Nýu-De­li şä­he­ri) Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Pa­ra­hat Hom­ma­do­wiç Dur­dy­ýe­wi şol bir wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň Ne­pal Fe­de­ra­tiw De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­syn­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si we­zi­pe­si­ne bel­le­me­li.


27.07.2018 | Türkmenistan dünýä bileleşiginiň wezipelerini çözmegiň ýolunda

Iýul aýynyň başynda BMG-niň ştab-kwartirasynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli Syýasy forumyň geçirilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde hünärmenleriň arasynda Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlarynyň ýurdumyzda milli derejede nähili uýgunlaşýandygy barada pikir alyşmalar boldy.


26.07.2018 | Demir ýol ulaglary ulgamyndaky hyzmatlar kämilleşdirilýär

Demir ýol ulaglary ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligini tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýolagçylara edilýän hyzmaty kämilleşdirmäge we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen işler amala aşyrylýar.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter