Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.01.2018 | 15–16-njy ýanwarda Yslamabatda türkmen-pakistan daşary syýasat edaralarynyň geňeşmeleri geçiriler

15–16-njy ýanwarda DIM-niň wekiliýeti iş sapary bilen Yslamabatda bolar. Şol ýerde türkmen-pakistan daşary syýasat geňeşmeleri geçiriler. Duşuşygyň gün tertibine döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri we ikitaraplaýyn Hökümetara toparynyň işi giriziler. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny we beýleki bilelikdäki möhüm taslamalary, hususan-da, elektroenergetika we aragatnaşyk pudaklarynda, ulag-kommunikasiýa toplumynda taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berler. Iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar.


12.01.2018 | Türkmenistan «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşar

Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer O.Gurbannazarowyň habar berşi ýaly, 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreli aralygynda “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” atly mowzuk bilen geçiriljek dünýä derejesindäki gözden geçirilişde milli sergimiz guralar. Ony taýýarlamak üçin «EKSPO-2020»-niň guramaçylyk komiteti bilen gatnaşyklar ýola goýuldy.


12.01.2018 | Döwlet etalon merkeziniň Ýylylyk barlaghanasy halkara akkreditasiýa aldy

Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň Ýylylyk barlaghanasy Slowak milli akkreditasiýa gullugy tarapyndan halkara akkreditasiýasyny üstünlikli geçdi hem-de degişli şahadatnamany aldy.


12.01.2018 | Türkmen wekiliýeti Musulman Zenan Parlamentarileriniň 7-nji maslahatyna gatnaşar

12-nji ýanwarda geçirilen Hökümetiň mejlisinde Mejlisiň ýolbaşçysy Akja Nurberdiýewa ýurdumyzyň wekiliýetiniň Eýranda geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Bileleşiginiň Musulman Zenan Parlamentarileriniň 7-nji maslahatyna we bu halkara guramanyň Parlament Bileleşiginiň 13-nji maslahatyna gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.


12.01.2018 | 24-26-njy ýanwarda Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

Hökümetiň mejlisinde döredijilik çäresini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada wise-premýer A. Garajaýew hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, belarus medeniýetiniň günleri iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň arasynda 2017-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda hem-de türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýär.


11.01.2018 | Geçen ýylyň soňky üç aýyň dowamynda Türkmenistanda internetden peýdalanýanlaryň sany 1,2 esse artdy

Aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň çalt çözülmegi, iň öňdebaryjy enjamlaryň hem-de innowasiýalaryň ulanylmagy netijesinde Türkmenistanda Internetiň her bir raýata elýeterli bolmagy üçin ähli şertleri döredýän telekommunikasiýalaryň köp şahaly ulgamy hereket edýär.


11.01.2018 | Döwlet Baştutanymyz wezipä bellemek hakyndaky çözgütleri kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen:


11.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň daşary işler ministri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri jenap Dato Sri Anifah Amany kabul etdi.


11.01.2018 | Kreýg Ridi: Bütindünýä Dopinge garşy agentligi Türkmenistanyň Milli dopinge garşy agentliginiň ösdürilmegine ýardam bermäge ygrarlydyr

Bütindünýä Dopinge garşy agentliginiň prezidenti Kreýg Ridi döwlet Baştutanymyza, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberip, onda Bütindünýä Dopinge garşy agentligiň işine hemişe goldaw we dopingden arassa türgenleri goramak boýunça maksatlary amala aşyrmaga ýardam berýändigi üçin hoşallyk bildirdi.


11.01.2018 | 2017-nji ýylda Türkmenistanyň daşary ykdysady banky karz beriş toplumynyň möçberini 1,5 esse artdyrdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde BAE-niň Hökümetinde, şeýle hem birnäçe iri energetika kompaniýalaryň, Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň we Yslam ykdysady ösüşiniň Dubaý merkeziniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter