Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

13.11.2019 | Halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak — ykdysady ösüşiň ugry

Türkmenistanyň durnukly ösüşini we rowaçlygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň maksady bolup durýar. Iri taslamalary amala aşyrmak üçin halk hojalyk toplumyna gönükdirilýän uly möçberdäki maliýe serişdeleri — bu Garaşsyz Watanymyzyň nurana geljegine goýulýan maýadyr.


13.11.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin, 2019-njy ýylyň 15 — 16-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


12.11.2019 | Daşoguz welaýatynyň şalyçylary şaly taýýarlamak boýunça tabşyrygy amal etdiler

Ýurduň demirgazyk sebitiniň şalyçylary şaly taýýarlamak boýunça ýyllyk tabşyrygy amal etdiler. 8 müň 100 gektar şaly meýdanyndan 35 müň tonnadan gowrak hasyl alyndy, munuň özi tabşyrykda bellenilendäkiden artykdyr.


12.11.2019 | «Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen RF DIM-niň «Международная жизнь» («Halkara durmyşy») žurnalynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekildi

«Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň «Международная жизнь» («Halkara durmyşy») žurnalynyň arasynda täzelik habarlaryny alyşmak barada Ähtnama gol çekildi.


12.11.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew yslam medeniýetine we sungatyna bagyşlanyp geçiriljek foto serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin 14 — 16-njy noýabr aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


11.11.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Owganystana ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Energetika ministrligine güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWA bolan 1 sany transformatory degişli enjamlary bilen bilelikde ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.


11.11.2019 | Maliýe ulgamyny kämilleşdirmek we sanlaşdyrmak — Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň alamatlary

Ýurdumyzyň ykdysady durmuşyndaky esasy wakalary şöhlelendirýän hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleri bilen okyjylary tanyşdyrýan «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.


10.11.2019 | Türkmenistanda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň tagallasy bilen ýetişdirilen bol hasyly alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi.


10.11.2019 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna

Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynda giňden bellenýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


09.11.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bag ekmek möwsümine girişmek dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy watandaşlarymyzyň joşgunly zähmetiniň hakyky baýramçylygyna, milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde türkmen halkynyň ruhubelentliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter