Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

17.04.2018 | Täze suw üpjünçilik ulgamy işe girizildi

Kaka etrabynda 15 kilometrlik Hywaabat — Kaka suw geçirijisi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Dabara Oba we suw hojalyk ministrliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.


17.04.2018 | Türkmenistan — Gazagystan: goňşy ýurtlaryň sebitleriniň özara gatnaşyklary

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri girizildi. Maslahata dostlukly ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, senagat we işewürler toparlarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri gatnaşdylar.


17.04.2018 | Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!


16.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulaglar we aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, oba we suw hojalyk ministriniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


16.04.2018 | Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň mejlisi

Paýtagtymyzda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.


16.04.2018 | Türkmenistanda Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohamed Şarif Anisden ynanç hatyny kabul etdi.


15.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň permany

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda


15.04.2018 | Taekwondo boýunça ýurdumyzyň çempionlary kesgitlendi

Paýtagtymyzda Taekwondo (ITF) boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Onda agram derejeleriniň ýedisinde “başa-baş” we “tuli” görnüşlerinde medallar toplumynyň 18-si ugrunda bäsleşildi.


14.04.2018 | Dünýäniň geljeginiň bähbidine Türkmenistanyň başlangyçlary

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Kararnamalar — Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi.


14.04.2018 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, ýakylan we jemlenen nebit koksyny satyn aldylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter