Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan maslahaty geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň, şäher hem-de etrap gulluklarynyň edara ediş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň, şeýle hem ony talabalaýyk ulanyş ýagdaýynda saklamagyň meseleleri girizildi.


12.06.2018 | Galla oragynyň depgini: Lebap welaýaty

Lebap welaýatynyň kombaýnçylary 6-njy iýunda badalga alan galla oragynyň başyndan bäri ilkinji 100 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy başardylar.


12.06.2018 | Türkmen ylmynyň ýaş nesli — bäsleşigiň ýeňijileri

Şu gün şanly sene — Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.


12.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda


12.06.2018 | Ylymlar güni mynasybetli halkara forum

Türkmen paýtagtynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe gabatlanylan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly iki günlük halkara forum öz işine başlady.


12.06.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjyla

Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan ýylda jemgyýetimizi jebisleşdirýän hem-de ösüşe ruhlandyrýan ajaýyp baýram — Ylymlar güni, şeýle hem bu ajaýyp baýrama bagyşlanyp geçirilýän «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


12.06.2018 | Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine

Sizi güneşe baý bereketli tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden we dabaraly bellenýän Ylymlar gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ylym we tehnologiýalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň umumy ösüşiniň esasyny düzýär.


11.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hem-de käbir düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


11.06.2018 | Galla oragynyň depgini: Ahal welaýaty

Türkmenistanyň gallaçylary gyzgalaňly döwri başdan geçirýärler. Ýurdumyzda güýzlük bugdaý oragynyň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Şu ýyl döwlet tabşyrygyna laýyklykda, ekerançylarymyzyň öňünde 1 million 600 müň tonna bugdaý taýýarlamak wezipesi durýar.


11.06.2018 | Türkmenistanda Zambiýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Zambiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadrek Luwitadan ynanç hatyny kabul etdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter