Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

28.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti owgan kärdeşine Kabulda bolan terrorçsylyk zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gana Kabul şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


27.01.2018 | Pudagara toparyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada pikir alşyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlsiniň we birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.


27.01.2018 | Türkmenistanyň DHÇMB söwdalarynda daşary ýurtlara goýberilen harytlaryň jemi bahasy 38,5 million ABŞ-niň dollaryna barabar boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.


27.01.2018 | Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň topary döwlet sylaglary bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglandy.


27.01.2018 | Harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine harby atlar dakyldy we hünär derejeleri berildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, raýatlaryň howpsuzlygyny hem-de asudalygyny üpjün etmekde, Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine harby atlar dakyldy we hünär derejeleri berildi.


27.01.2018 | Prezident Mun Çže In türkmen-koreý gatnaşyklarynyň has ýokary derejä çykjakdygyna ynam bildirýär

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In doglan güni mynasybetli mähirli gutlag sözleri üçin hoşallyk bildirip milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi.


27.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary Watan goragçylarynyň guni bilen gutlady

Hormatly Watan goragçylary!


26.01.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň geçen ýylda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi hem-de ýerine ýetirilen degişli işlere baha berildi, şu ýylda halk hojalygynyň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.


26.01.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

(2018-nji ýylyň 26-njy ýanwary) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar!


26.01.2018 | 2017-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,5 göterime deň boldy

Bu görkeziji senagat pudagynda 5,5 göterim, gurluşykda 1,3 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterim, söwdada 9,4 göterim, oba hojalygynda 5 göterim we hyzmatlar ulgamynda 9 göterim ýokarlandy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter