Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.06.2020 | Türkmenistanyň we Müsüriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň Müsür Arap Respublikasynyň daşary işler ministri Sameh Şukri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Taraplar türkmen-müsür hyzmatdaşlygynyň esasy meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.


24.06.2020 | Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ÝAÖB-nyň we AÖB-nyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi

23-nji iýunda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenoglu bilen duşuşuk geçirdi.


24.06.2020 | Hormatly Prezidentimiz medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeler ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasary B.Abdyýewanyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary K.Çaryýardurdyýewiň, ýurdumyzyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýewiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewanyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


24.06.2020 | Medeniýet hepdeligi — 2020: üçünji gün

Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligine gabatlanyp geçirilýän çäreler dowam edýär. Neşirýat önümleriniň sergisiniň açylmagy, degişli ylmy-maslahat, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsert hepdeligiň üçünji gününiň esasy wakalary boldy.


24.06.2020 | Galla oragynyň ýokary depginleri

Türkmenistanyň gallaçylarynyň gyzgalaňly möwsümi dowam edýär. Ýurdumyzda galla oragynyň depginleri gün-günden güýçlenýär.


24.06.2020 | Ýeňşiň esgerlerine bagyşlanýar...

Şu gün — 24-nji iýunda, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda, dabaralaryň geçirilýän pursadynda biz ýene-de parahatçylygy hem-de azatlygy goran ata-babalarymyzyň edermenligini ýatlaýarys. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şol dabaralara Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.


23.06.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


23.06.2020 | Medeniýet hepdeligi — 2020: ikinji gün

Şu gün Daşoguz welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynyň çäklerinde döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň täsin binagärlik we arheologik ýadygärliklere baryp görmegi göz öňünde tutuldy. Şolaryň ençemesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.


23.06.2020 | Türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi

Wideomaslahat görnüşinde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi. Wekilýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew hem-de onuň özbek kärdeşi Ilhomjon Nematow ýolbaşçylyk etdiler.


23.06.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimi Esenow Annaguly Bozoglanowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter