Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

07.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti kiprli kardeşi Nikos Anastasiadisi saýlawdaky ýeňşi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Nikos Anastasiadisе onuň Kipr Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.


07.02.2018 | Aşgabatda FIFA-nyň dünýä Kubogy görkezildi

Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline ýörite ugur bilen Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň (FIFA) hem-de sportuň şu görnüşi boýunça iri ýaryşlaryň däp boýunça hemaýatkäri bolup çykyş edýän “Coco-cola” kompaniýasynyň wekilleri geldiler.


06.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti we «ARETI» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy dürli ulgamlarda taslamalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi


06.02.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: nebitgaz toplumy

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp şu ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça möhüm wezipeler çözülende, Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, energiýa serişdelerine artýan içerki islegleri kanagatlandyrmaga, nebitden we gazdan öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga aýratyn üns berilmelidigini belledi. TOPH we beýleki gaz geçirijileriň gurluşygyna aýratyn üns bermek zerurdyr.


05.02.2018 | Wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitleriň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem öňde boljak şanly senelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.


05.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna adam pidalaryna getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasa Swat raýonynyň harby bölüminde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


04.02.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç günüdigine garamazdan, Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, milli atçylygy ösdürmegiň, köpçülikleýin sporty wagyz etmegiň hem-de öňde boljak möhüm sport wakalaryna taýýarlyk görmegiň meselelerine üns berdi.


04.02.2018 | Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri iki medal gazandylar

Tähranda (Eýran Yslam Respublikasy) tamamlanan Ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça 8-nji Aziýa çempionatynda biziň türgenlerimiz bürünç medallaryň ikisini gazandylar.


03.02.2018 | TDHÇB-nyň söwdalarynda eksport geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 10 million dollaryna golaý boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.


03.02.2018 | Pekinde Türkmen-hytaý syýahatçylyk maslahaty geçirildi

2-nji fewralda Pekinde syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-hytaý maslahaty geçirildi. Ol ýurdumyzyň HHR-däki ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti, “Şuangsýun” we “Beýçen” hytaý kompaniýalary bilen bilelikde guraldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter