Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

16.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident! Ýetip gelen mukaddes Oraza aýynyň nurana günlerinde tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň.


15.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iri gurluşyk taslamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns berdi.


15.05.2018 | Döwletiň durmuş syýasatynyň maksady — halkyň abadançylygy

Kaka etrabynda durky täzelenen durmuş maksatly desgalaryň birnäçesini ulanmaga bermek dabarasy boldy.


14.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine sebitleri we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe meseleleri girizildi.


14.05.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow rekordlary gazanmakda nusgadyr

Milli sport we syýahatçylyk institutynda dabaraly maslahat boldy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralliniň ýakynda geçirilen saýlama tapgyryna badalga bermegine bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyzyň özi hem Garagum sährasynyň ýollary boýunça bu saýlama tapgyryna gatnaşyp, ajaýyp netije görkezdi. Soňra ýaryşlar geçirilip, olaryň barşynda öňde boljak awtorallä Türkmenistandan gatnaşjak toparlar kesgitlenildi.


14.05.2018 | Türkmenistanda Slowakiýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýan Boriden ynanç hatyny kabul etdi.


13.05.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, konsernde alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe käýinç yglan edildi.


13.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Mahathir Mohamadi Malaýziýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.


12.05.2018 | Hormatly Prezidentimiz “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine diňe bir ak pata bermän, eýsem, özi hem onuň saýlama tapgyrlaryna gatnaşdy, onuň barşynda şol halkara ýaryşa Türkmenistandan gatnaşjak ýygyndy toparlar kesgitlenildi.


12.05.2018 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-li we türkiýeli işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzine, şeýle hem tehniki kükürde (“Türkmengaz” DK) isleg bildirdiler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter