Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

15.07.2018 | Lukmançylyk biliminiň derejesi halkyň saglygyna gönükdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan “Türkmenistany 2018 - 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamy hemmetaraplaýyn göwnejaý kämilleşdirilýär, ilatyň arasynda keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we bejeriş işlerini geçirmekde dünýä lukmançylygynyň iň täze gazanan usullary ornaşdyrylýar. Aşgabat şäherinde, welaýatlarda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen abzallaşdyrylan saglygy goraýyş — öňüni alyş hem-de sagaldyş edaralary, şypahanalar, derman kärhanalary ulanylmaga berilýär.


14.07.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.


13.07.2018 | Haryt bolçulygy Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş syýasatynyň oňyn netijesidir

Haryt dolanyşygynyň möçberi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň möhüm görkezijileriniň biridir. Ýurdumyzda sarp edilýän harytlaryň öndürilişiniň artdyrylmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalaryň döredilmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýleki toplumlaýyn çäreleriň netijesinde söwda ulgamynyň Türkmenistanyň jemi içerki önümine goşýan goşandy artýar.


12.07.2018 | Türkmenistan intellektual eýeçilik ulgamynyň kuwwatyny artdyrýar

Şu ýyl Türkmenistanyň milli intellektual eýeçiligi ulgamyna 25 ýyl dolýar. Häzirki döwürde intellektual eýeçiligiň desgalaryny goramak pudagynda döwlet kadalaşdyrylyşyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda gol çeken Karary bilen döredilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçiligi gullugy (mundan beýläk Gulluk) alyp barýar.


11.07.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara awtorallisine taýýarlyk görmegiň barşy bilen tanyşdy

Hazaryň kenarynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görlüşi bilen tanşyp, ýaryşyň geçiriljek ýolunyň jemleýji tapgyrynda geçirilýän işleriň barşyna gözegçilik etdi.


11.07.2018 | Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk

“Ýyldyz” myhmanhanasynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de söz azatlygyny ilerletmek babatda hyzmatdaşlyk” atly taslamanyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan maslahat öz işine başlady.


11.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganowy kabul etdi.


11.07.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary Hajygeldi Baýramdurdyýewiç Orjykowyň üstüne ýüklenildi.


10.07.2018 | Türkmen gimnastikaçysy «Aziýanyň ýaňy» festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 4 — 8-nji iýulda geçirilen “Aziýanyň ýaňy” atly sirk sungatynyň XI halkara festiwalynda Türkmenistanyň wekili kümüş baýraga mynasyp boldy.


10.07.2018 | Ylham joşguny — döredijiligiň çäksiz çeşmesi

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz boş wagtyny «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň dowamyny işlemäge, aýdym-saz döredijiligine bagyşlady.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter