Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

03.04.2018 | Türkmenistan — ÝHHG: häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmakda hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki zaman dünýäsinde ekstremizmiň we radikalizmiň howplaryna garşy göreşmäge köptaraplaýyn çemeleşmeler meselesine bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady.


03.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Abdel Fattah El-Sisä onuň Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.


02.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


02.04.2018 | Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VIII gurultaýy

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary VIII gurultaýy geçirildi, onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň esasy syýasy guramalarynyň biriniň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.


02.04.2018 | Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VIII gurultaýyna gatnaşyjylara

Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar! Mähriban watandaşlar! Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyzda bolup geçýän uly syýasy-jemgyýetçilik waka — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VIII gurultaýynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we gurultaýyň işine üstünlik arzuw edýärin!


01.04.2018 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 164-si hasaba alyndy

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyk kerosinini, az kükürtli ýangyç mazudyny, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny satyn aldylar.


31.03.2018 | Aşgabatda pudaklaýyn halkara maslahat geçirildi

Paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň himiýa senagatynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp, “Türkmenistanyň himiýa pudagy ösüş ýolunda” atly ilkinji halkara maslahat geçirildi.


31.03.2018 | Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän «Türkmenistanyň himiýa pudagy ösüş ýolunda» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly myhmanlar! Gadyrly himiýa senagatynyň işgärleri! Hormatly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar!


30.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy

Hormatly deputatlar!


30.03.2018 | Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň ilkinji maslahatyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ilkinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy hem-de deputatlaryň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter