Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.09.2020 | Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärlerine

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bütin ýurdumyzda giňden bellenýän Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


11.09.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


11.09.2020 | Nobatdaky arheologik tapyndylar türkmen paýtagtynyň gadymylygyny tassyklaýar

Türkmen topragynda saklanyp galan arheologik we binagärlik ýadygärlikleri biziň döwürdeşlerimize we nesillerimize entek köp zatlary gürrüň bermäge ukyplydyr. Şol ýadygärlikleriň köpüsi Beýik Ýüpek ýolunyň söwda ýollarynyň ugrunda gaýnap joşan durmuşyň şaýatlary bolupdyr.


11.09.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Howa kodeksine, Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine, “Awtomobil ulagy hakyndaky”, “Demir ýol ulagy hakyndaky” we “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, hökmany döwlet ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylaryny, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalaryny we demir ýol ulaglarynyň işgärlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


10.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nairi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


10.09.2020 | “Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” neşiriniň nobatdaky sany

“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” neşiriniň çap edilen 12-nji sany «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçen 2018-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň köpugurly, netijeli syýasy we guramaçylyk işini açyp görkezýär.


10.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


09.09.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow NGIZT-de täze desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) täze energiýa desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.


09.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.


09.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdirliginiň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter