Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

08.03.2018 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň zenanlarynyň şanyna

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly aýal-gyzlarynyň hormatyna ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabara geçirildi. Baýramçylygyň guramaçylary — Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi we Aragatnaşyk ministrligi oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan zähmetde, çagalary terbiýelemekde, jemgyýetçilik işinde uly üstünliklere eýe bolan zenanlary çagyrdylar.


08.03.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna

Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar! Sizi göwünlere ylham berýän, galkynyşyň we juwanlygyň nyşany bolan ajaýyp bahar paslynda giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


07.03.2018 | Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisi

Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Foruma Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.


07.03.2018 | Ýurdumyzyň toparlary AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara girişdiler

Şu gün “Altyn Asyr” we “Ahal” futbol toparlarymyz Aziýa Futbol konfederasiýasynyň Kubogynyň “D” toparçasynda ilkinji oýunlary geçirdiler.


07.03.2018 | Dokma pudagynyň önümçilik düzümleri giňeldilýär

Kaka etrabynda täze senagat toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy guraldy, bu desga “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” hem-de eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda bina ediler.


07.03.2018 | Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlarymyzyň hormatyna konsert geçirildi.


07.03.2018 | Halkara baýramyň öň ýanynda türkmen zenanlaryny hormatlamak dabaralary

Şu gün Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dabaraly çäreler geçirildi.


07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda düýpli özgertmeler geçirilip, ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Alnyp barylýan bu işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, agzybir jemgyýetimiziň yzygiderli kämilleşmegi üçin oňaýly şertleri döredýär.


07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda


07.03.2018 | Türkmenistanyň DIM-de GDA-nyň Synçylar toparynyň başlygy Wiktor Guminskiý bilen duşuşyk geçirildi

Daşary işler ministrliginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.Guminskiý bilen duşuşyk geçirildi, ol Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işlerine GDA-dan Synçylar toparyna baştutanlyk edýär.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter