Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

07.05.2018 | Resmi habar

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry bi­len, Aşyr­mäm­me­dow Dur­dy Sa­par­mäm­me­do­wiç iş­de goý­be­ren düýp­li kem­çi­lik­le­ri üçin, “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­dy.


05.05.2018 | “Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport çäresiniň jemleri jemlenildi

Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynda her ýyl geçirilýän “Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly çäräniň netijelerini jemlemek dabarasy boldy, bu çäre köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Ony Sport we ýaşlar syýashaty ministrligi, şeýle hem ýurdumyzyň sport ugurly ýokary okuw mekdebi guradylar.


05.05.2018 | Weteranlaryň edermenligi – watansöýüjiligiň beýik mekdebi

Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny we urşuň yzynda galanlary hormatlamak dabarasy boldy hem-de olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar, ajaýyp ýaz gülleri gowşuryldy.


05.05.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.


04.05.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň käbir meselelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyna garaldy.


04.05.2018 | Harby däpleriň mirasdüşerleri: türkmen topragyndaky asudalyk ygtybarly goralýar

3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy esasynda geçirilen milli goşunyň söweşjeň ukyplylygyny duýdansyz barlamak nobatdaky gezek


04.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany H.A.Gurbanow hakynda Halykdurdy Annadurdyýewiç Gurbanowy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


04.05.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atajanowa Aýjeren Ýazlyýewna özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


03.05.2018 | Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň göç­me mej­li­si

Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Mil­li go­şu­ny­my­zyň sö­weş­jeň uky­by­ny duý­dan­syz bar­la­mak, go­şun­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň şah­sy dü­zü­mi­niň sö­weş­jeň tä­li­mi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, gö­ni wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri Ý.Ber­di­ýe­we bel­le­nen ter­tip­de har­by bö­lüm­le­ri des­sin sö­weş­jeň taý­ýar­lyk ýag­da­ýy­na ge­tir­mek ba­ra­da buý­ruk ber­di.


03.05.2018 | Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň ulag we ara­gat­na­şyk mi­nistr­le­ri­niň du­şu­şy­gy

Şu gün «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň ulag we ara­gat­na­şyk mi­nistr­le­ri­niň IX mej­li­si bol­dy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter