Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

17.03.2018 | Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi

Paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Uly möçberli gözden geçiriliş şu ýyl 10 ýyllygyny belleýän bu iri jemgyýetçilik guramasynyň döredilmegine bagyşlanyldy.


17.03.2018 | Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna we ähli telekeçilerine

Hormatly Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary! Gadyrly türkmen telekeçileri!


17.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti TSTB-niň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi

Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň şanly 10 ýyllyk senesi, şeýle hem Senagatçylaryň we telekeçileriň sergisiniň hem-de TSBT-niň agzalarynyň maslahatynyň açylmagy bilen gutlaýaryn--diýlip döwlet baştutanynyň pudaklaýyn foruma gatnaşyjylara iberen gutlagynda aýdylýar.


16.03.2018 | Maglumat habary

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan bolan Synçylar missiýasy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna monitoring işini dowam edýär.


16.03.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň işewürleriniň öňünde strategik wezipeleri goýdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen duşuşdy we ýurdumyzyň işewürliginiň wekilleriniň öňünde çykyş edip, bu guramanyň 10 ýylyň dowamynda alyp baran işlerine baha berdi we milli ösüşiň ileri tutulýan maksatlaryny kesgitledi. Ol maksatlara ýetmekde bolsa ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyna möhüm orun degişlidir.


16.03.2018 | Döwlet baştutany kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasyny döretmek boýunça teklipleri makullady

Ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary döwründe telekeçilik işini has-da ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak hem-de täze innowasion önümçilikleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Türkmenistanda Kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasyny döretmek boýunça birnäçe teklipleri makullanyldy.


16.03.2018 | Ýurdumyzyň çägine getirilende gümrük paçlary bellenilen gurluşyk we senagat harytlarynyň sanawy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çägine getirilende gümrük paçlary bellenilen käbir gurluşyk we senagat harytlarynyň sanawy hem-de gümrük paçlarynyň möçberleri tassyklanyldy.


16.03.2018 | TSTB-e Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň we Lebapda kalýi dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşygy üçin karz berler

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň üsti bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýyllyk 1 göterim bilen 5 ýyl ýeňillikli döwri bolan 20 ýyl möhlete 2 milliard 400 million amerikan dollaryna çenli möçberde karz bermek tabşyryldy.


16.03.2018 | Kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu döwür üçin degişli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.


16.03.2018 | Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine paýtagtymyzda binalar toplumyny gurmak üçin ýer bölünip berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Ýer hakyndaky” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan binalar toplumyny gurmak üçin, Aşgabat şäheriniň Tähran köçesiniň ugrunda 8 gektar ýer bölegini hemişelik peýdalanmaga bermek bellenildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter