Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

07.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany E.O.Annamuhammedow hakynda

Ezizgeldi Orazmuhammedowiç Annamuhammedowy Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


07.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany R.N.Gandymow hakynda

Rahym Nurgeldiýewiç Gandymowy Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


07.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ç.H.Purçekow hakynda

Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowy Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


07.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini döretmek hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat, ulag we aragatnaşyk pudaklaryny düýpli özgertmek hem-de bu pudaklary dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly olaryň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:


07.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.G.Berdimuhamedow hakynda

Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.


07.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary

Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç Myradowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


07.02.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Annagulyýewiç Saparowy Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine saýlamak hakynda Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2020-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 4/1-nji karary tassyklanyldy.


06.02.2020 | Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy we welaýatlary ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamak, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


06.02.2020 | Resmi habar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ýolagçylara edilýän hyzmatlary halkara derejelere çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


05.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: söwda toplumy we telekeçilik

Söwda halk hojalyk toplumynyň okgunly ösýän ulgamlarynyň biridir. Ol milli ykdysadyýetde özgertmeleri, bazar gatnaşyklaryna geçiş şertlerinde onuň aýratynlyklaryny aýdyňlyk bilen görkezýär.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter