Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

24.03.2018 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, az kükürtli ýangyçlyk mazuty satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, ýorgan-düşek daşy, hojalyk pamygy, nah ýüplük, portlandsement we dürli harytlary gaplamaga niýetlenen serişdeler ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa Federasiýasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Gyrgyzystan, Täjigistan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 58 million 961 müň dollaryndan gowrak boldy.


24.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Toýly Babaýewiç Kömekowy Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Astana şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.


24.03.2018 | 25-nji martda Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler

Türkmenistan türkmen jemgyýetiniň durmuşynda demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmak, türkmenleriň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda ygrarly bolan hem-de täze taryhy eýýamda ýene-de dabaralanýan halk häkimiýetliliginiň gadymy däplerini has-da ösdürmek ugrunda täze möhüm ädim ätmäge taýýarlanýar. Ertir — 25-nji martda ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklary türkmenistanlylar üçin öz gapylaryny açarlar. Ildeşlerimiz öz konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp, raýatlyk borjuny ýerine ýetirmek bilen Mejlise, wekilçilikli ýerli ýerine ýetiriş häkimiýet hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralaryna has mynasyp wekilleri saýlarlar.


23.03.2018 | Türkmenistanda gowaça ekişi başlandy

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi — gowaça ekişi başlandy. Ministrler Kabinetiniň 9-njy martda bolan mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ekişiň başlanmagyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, 23-nji martda gowaça ekişine Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary girişdiler. Biraz soň, 28-nji martda olara Daşoguz welaýatynyň ekerançylary hem goşular.


23.03.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: bilim we ylym

Ýurdumyzyň ösüşiniň ylym we bilim ýaly möhüm ugurlarynda 2017-nji ýylyň wajyp wakalaryna syn bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ylym-bilim syýasatynyň okuwyň ählumumy elýeterliligini üpjün etmekden, her bir raýatyň ukybyndan we zehininden doly peýdalanmak üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdygyny bellemelidiris.


22.03.2018 | Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Prezident, gadyrly doganym, Türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de dostlukly, doganlyk türkmen halkyny müňýyllyklardan gözbaş alýan umumy baýramymyz bolan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


22.03.2018 | Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Arheologlar taryhyň köpasyrlyk gatlaklaryny açýarlar

Türkmenistanda Nowruzyň iki günläp baýram edilmegi biziň hemmämizde baharyň gelmeginiň hormatyna geçirilen ajaýyp dabaralar däp-dessurlara hem-de milli mirasa belent sarpa hökmünde ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyrar. Şu ýyl bu baýramçylygyň gerimi giň, many-mazmuna baý boldy.


22.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganä Kabul şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


21.03.2018 | Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident, Hytaýyň däp bolan Bahar baýramy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.


21.03.2018 | Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary köpçülikleýin bag ekmek çäresine gatnaşdylar

Paýtagtymyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni köpçülikleýin bag ekmek çäresine utgaşdyrylyp, giňden bellenildi. Aşgabat şäher häkimligi hem-de gurluşyk we energetika toplumy tarapyndan guralan bu medeni we ekologiýa çärelerine aşgabatlylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky çagyryşyna jogap edip, örän işjeň gatnaşdylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter