Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

21.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary hem-de Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de halkara çäreleri bilen baglanyşykly meýilleşdirilen meselelere garaldy.


21.05.2018 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkyň rysgaly we azyk garaşsyzlygynyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtyň içinde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla öndürijiler bilen hasaplaşyklary wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


20.05.2018 | Sagdynlyk - ruhubelentlik

Şu gün paýtagtymyzda Köpetdagyň eteginden geçýän şaýoluň ugry bilen ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň, köp sanly sagdyn–durmuş ýörelgesine tarapdarlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli Liderimiziň göreldesinden ruhlanan adamlar döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek boýunça öňe sürýän ýörelgelerini we başlangyçlaryny goldaýarlar.


19.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Köpetdagyň eteginden paýtagtymyzyň merkezine çenli welosipedli ýörüşi amala aşyrdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtynyň şaýollary boýunça welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň iş gününiň öňüsyrasynda başlan 30 kilometrlik welosipedli ýörişiniň ugry Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinden Aşgabadyň merkezindäki Garaşsyzlyk meýdançasyna çenli dowam etdi.


19.05.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.


19.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Döwlet Geňeşiniň we Ministrler Geňeşiniň Başlygyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň we Ministrler Geňeşiniň Başlygy jenap Migel Mario Dias-Kanel Bermudese Gawana şäheriniň Halkara howa menziliniň golaýynda ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi zerarly, gynanç hatyny iberdi.


19.05.2018 | Oraza aýy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar gelip gowuşýar

Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, hem-de öz adymdan mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmek mende örän uly şatlyk duýgusyny döredýär.


18.05.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz milli senenamamyzda şanly seneleriniň birini — Türkmenistanyň Konstitusiýanyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi belledi.


18.05.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyny berdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýörite taýýarlanan ýerde mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi.


18.05.2018 | Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipelere garaldy, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter