Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

23.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana Ahwaz şäherinde harby ýörişiň dowamynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylykly hereketler zerarly gynanç bildirdi.


22.09.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy.


21.09.2018 | Dünýä rekordlary bilen ahalteke bedewleriniň şöhraty artýar

Her bir taryhy döwürde halkyň, zamananyň ruhuny, gazanylýan üstünlikleri, ýeňişleri doly derejede äşgär edýän mukaddeslik bar. Türkmen ilinde gadymyýetden bäri iň gowy arzuw-hyýallary, belent ýörelgeleri özünde jemleýän mukaddeslik bedew at hasaplanylýar. Gadymy ýyl ýazgylary we köp sanly ylmy çeşmeler iň gadymy we dünýä belli atşynaslyk merkeziniň Türkmenistanyň çäginde ýerleşendigine şaýatlyk edýär.


21.09.2018 | “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda”

Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda TYA-nyň akademigi, ykdysady ylymlаryň doktory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


21.09.2018 | “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň dowamy

Şu gün Mukamlar köşgünde hem-de Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-okuw merkezleriniň hormatly doktory, professor, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy. Olara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, ylmyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, ýaşulular we talyp ýaşlar gatnaşdylar.


21.09.2018 | Baýramçylygyň öň ýanyndaky binagärlik açylyşlary

Şu gün Kaka etrabynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň açylyş dabaralary boldy.


21.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan Gutlaglaryny ýollady.


21.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçysyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Nguen Fu Çonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Çan Daý Kuangyň biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.


20.09.2018 | “Amul - Hazar” – Türkmenistanyň täze sport nyşany

Türkmenistanyň sährasynda geçirilen awtomobil ýaryşy uly gyzyklanma döretdi. Şu günler iri metbugat we halkara mediýa neşirlerinde «Amul — Hazar 2018» awtorallisiniň jemleri hem-de netijeleri hakynda giňişleýin maglumatlar berilýär.


20.09.2018 | Hazar mediaforumy: sebitiň ösüşiniň bähbidine hyzmatdaşlyk

Türkmen wekiliýetiniň işjeň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen IV Hazar mediaforumynda Hazar redaksiýasynyň iş maslahatyny (Hazarýaka ýurtlarynyň žurnalistleriniň resmi däl birleşiginiň) «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek barada teklip öňe sürüldi. Foruma gatnaşyjylaryň köpüsi bu ýerde bolup görmek islegini beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Awazada diňe bir dynç almak üçin däl, eýsem, halkara ähmiýetli çäreleri geçirmek üçin hem ajaýyp şertler döredildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter