Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

14.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy — dünýä metbugatynyň sahypalarynda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen birinji Hazar ykdysady forumyna diňe bir Hazarýaka ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri däl-de, dünýä bazarynda uly orun eýeleýän kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar, şeýle hem bu forum dünýä habar beriş serişdelerinde uly oňyn seslenme döretdi.


14.08.2019 | Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň Beýannamasy

2019-njy ýylyň 11— 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi.


13.08.2019 | Birinji Hazar ykdysady forumynyň taryhy ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň täzeçil syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan indi ençeme gezek möhüm ähmiýete eýe bolan iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülýär. Olar köp halatda dünýä syýasatynda düýbünden täze möhüm ugurlaryň başlangyç nokadyna öwrülýär. Düýpli gepleşikleriň geçirilmegini höweslendirýär, döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze esaslarynyň düýbüni tutýar.


13.08.2019 | Birinji Hazar ykdysady forumynyň işewür meýdançasynyň netijeliligi sanlarda

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, senagat ulgamyny we obasenagat toplumyny ösdürmek, hususy işewürligi döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldamak boýunça iri möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bu ulgamda düýpli özgertmeler bolup geçýär. Ýurdumyzyň harytlaryna içerki bazarda bolşy ýaly, daşary bazarlarda-da isleg artýar.


12.08.2019 | Birinji Hazar ykdysady forumyna sebitiň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary gatnaşdylar

Şu gün bu ýerde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


12.08.2019 | Hazar sebitiniň ýurtlarynyň halklarynyň dostlugynyň hormatyna uly konsert

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Köpöwüşginli döredijilik baýramy hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Hazar deňziniň gününde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji çäresi boldy.


12.08.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti we belent mertebeli myhmanlar innowasiýalar hem-de awtomobil sergisine baryp gördüler

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjylar Hazar innowasion tehnologiýalar sergisine we «Türkmen sährasy — 2019» atly awtosergä baryp gördüler.


12.08.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumynda eden çykyşy

Sizi Türkmenistanda mähirli mübärekleýärin. Birinji Hazar ykdysady forumynyň işine gatnaşmaga çakylygymyza seslenendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin.


12.08.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň duşuşygy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin gelen wekiliýetiň ýolbaşçysy, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň arasynda duşuşyk boldy.


12.08.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow bilen duşuşygy boldy.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter