Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

23.05.2018 | “Demirgazyk - Günorta” ulag geçelgesi - sebitiň ýük akymlarynyň “altyn halkasy”

Nobatdaky konteýner ýük düzümi Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran ugry boýunça menzil aşdy - 9-njy maýda günebakar tohumynyň 1150 tonnasy ýüklenen ýük düzümi HHR-iň demirgazygynda ýerleşýän Baýan-Nur şäherinden çykdy we “Demirgazyk - Günorta” ulag geçelgesi boýunça ugrady.


23.05.2018 | Awazada IX halkara Gaz kongresi açyldy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi öz işine başlady. Energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen Gollandiýanyň “KHB Holland” kompaniýasy bilelikde gurady.


23.05.2018 | Türkmenistanyň Mejlisinde bolan duşuşyk

Şu gün Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ýörite wekili Peter Burianyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy.


23.05.2018 | Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresine gatnaşyjylara

Halkara Gaz kongresine gatnaşyjylar! Gadyrly dostlar!


22.05.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin ýörite mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Hökümetiň ýurdumyzda sporty ösdürmäge bagyşlanan giňişleýin ýörite mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine şu ýyl geçiriljek has möhüm ähmiýetli sport çärelerine görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler girizildi.


22.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakynda


22.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.


22.05.2018 | ÝeHHG-nyň bilermenleri türkmen žurnalistlerini teleradiogepleşikleri taýýarlamagyň täze usullary bilen tanyşdyrdylar

Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝeHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň guran “Teleradiogepleşikleri düzgünleşdirmek babatda halkara ölçegleri we gepleşikleri taýýarlamagyň täze usullary” temasyndan iki günlük okuw öz işini tamamlady.


21.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary hem-de Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de halkara çäreleri bilen baglanyşykly meýilleşdirilen meselelere garaldy.


21.05.2018 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkyň rysgaly we azyk garaşsyzlygynyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtyň içinde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla öndürijiler bilen hasaplaşyklary wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter