Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

26.07.2018 | Ra­bat­ka­şaň — Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­la­ra

Si­zi Türk­me­nis­tan bi­len Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň we dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň mi­we­si hök­mün­de şu gün da­ba­ra­ly açyl­ýan 110 ki­lo­wolt­lyk Ra­bat­ka­şaň — Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň ula­nyl­ma­ga tab­şy­ryl­ma­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den mä­hir­li gut­la­ýa­ryn.


25.07.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň kä­bir orun­ba­sar­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň bir­nä­çe­si­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.


25.07.2018 | BMG-NIŇ Baş Assambleýasynyň 73-NJI mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary

Baş Assambleýanyň 73-nji mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň köptaraply işinde möhüm waka bolup durýar. Ol gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkarar etmekde, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda Gün tertibini doly möçberli amala aşyrmakda, ähmiýetli halkara maslahatlaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar babatda durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça agza döwletleriň öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirmeginde möhüm tapgyr bolar.


25.07.2018 | Res­mi ha­bar

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Buý­ru­ga gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, 2018-nji ýy­lyň 5 — 27-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da haj par­zy­ny ber­jaý et­mek üçin 153 zy­ýa­rat­çy­ny Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­na iber­mek bel­le­nil­di.


24.07.2018 | Gurluşyk we binagärlik—ýurdumyzyň we döwrüň keşbi

“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň nobatdaky sanynda ýurdumyzda gurulýan iri desgalar, giň möçberli düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly wakalar hakynda gürrüň berýän makalalar ýerleşdirildi. Şolarda täzeçil inženerçilik çözgütleri we tehnologiýalary beýan edilýän seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek, ýerli çig maldan gurluşyk serişdeleriniň täze görnüşlerini döretmek we pudagyň dünýä ösüşi babatdaky meýiller beýan edilýär.


24.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen gutlady

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik bol­dy.


23.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly möhüm meseleler girizildi.


23.07.2018 | Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün paýtagtymyzda geçirilen maslahatyň esasy meselesi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň öňünde durýan möhüm wezipeler boldy. Täze institut Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny birleşdirmegiň esasynda döredildi.


23.07.2018 | Türkmenistan Eýranyň halkyna ynsanperwerlik kömegini berýär

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Eýranyň Kermanşah welaýatynda bolan ýertitremesi zerarly ejir çeken ilata ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, käbir ministrliklere we edaralara Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz ynsanperwer kömegi bermek tabşyryldy.


23.07.2018 | Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyny döretmek hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti öwreniş we Türkmenistanyň kanunçylygy babatda düýpli hem-de amaly barlaglary geçirmek, şeýle hem türkmen döwletini we jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak işlerini ylmy taýdan esaslandyrmagy üpjün etmek maksady bilen Permana gol çekip:



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter