Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

04.05.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy.


04.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk hereketiniň ýokary derejedäki duşuşygynda eden çykyşy

Ilki bilen, häzirki döwürde adamzadyň gabat gelen örän ýiti meselesine bagyşlanan şu ýokary derejedäki duşuşygy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Onuň Alyhezreti Ilham Geýdarowiç Aliýewe minnetdarlyk bildirýärin!


03.05.2020 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2020 — 2021-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen 159 374 sany kompýuteri satyn almak, 2020-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.


02.05.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.


02.05.2020 | Türkmenistandan ynsanperwer kömegi hökmünde ugradylan ýük Owganystana ýetirildi

Ýurdumyzda öndürilen azyk önümleri Türkmenistandan ugradylan ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna ýetirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi hökmünde ýük ugratmak barada Buýruga gol çekdi.


02.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermek mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.


01.05.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi.


01.05.2020 | «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi

Şu gün Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek boýunça maslahat geçirildi. Oňa birnäçe ministrlikleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, tejribeli itşynaslar we beýleki hünärmenler gatnaşdylar.


01.05.2020 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


01.05.2020 | Wise-premýer Reşit Meredow Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow 30-njy aprelde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter