Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

09.10.2018 | «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara

Sizi «Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


09.10.2018 | Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdelerine, deňizçi esgerlerine, harby talyplaryna we harby okuwçylaryna

Sizi ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!


08.10.2018 | Täze döwrebap obalar hem-de kärhanalar bilen ýurdumyzyň geljegi kemala gelýär

Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde täze döwrebap obalaryň hem-de Bäherden etrabynda çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy.


08.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Meniň gadyrly doganym!


08.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


07.10.2018 | Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşini ykrar etdi

2018-nji ýylyň 1 — 5-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda hanym Natalýa Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň (HPG) işçi topary saparda boldy. Saparyň maksady ýurdumyzda makroykdysady we maliýe ýagdaýyna baha bermek, Türkmenistanyň ykdysady syýasat ulgamynda alyp barýan ileri tutýan ugurlaryny hem-de bu ugurdaky meýilleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.


06.10.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär.


05.10.2018 | DIM-DE Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryna bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda beýan eden başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan duşuşyk geçirildi.


05.10.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi, şeýle hem döwletimiziň mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


05.10.2018 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň oba hojalyk tehnikalary we gurallary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak hem-de agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 6-njy martynda çykaran 88-nji kararyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna, onuň esasynda satyn alynmagy bellenen oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny satyn almak barada goşmaça ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar berildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter