Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

29.08.2018 | Aziada: üç gün galdy – göreş dowam edýär

Indoneziýanyň paýtagtynda dowam edýän tomusky XVIII Aziýa oýunlarynda türkmenistanly türgenler şu gün dzýudo we kuraş göreşi boýunça ýaryşlara gatnaşdylar.


29.08.2018 | Adam mümkinçilikleri we tehnologiýa arkaly bilimler ykdysadyýetine

Şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri neşir edilýän “Maliýe we ykdysadyýet” atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky dördünji sany çapdan çykdy. Žurnalyň baş maksady dolandyryş ulgamyndaky wajyp maglumatlary ýaýratmaga ýardam bermekden, ýurdumyzyň kompaniýalarynyň işewürlik wezipelerini sowatly çözmekden, ykdysady bilimleri guramakdan ybaratdyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlän wezipeleridir.


29.08.2018 | “Altyn asyr” AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň finalyna çykdy

Aşgabadyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary iki oýnuň jemi boýunça “Bengaluru” hindi toparyny ynamly ýeňip, AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň finalyna çykdy.


28.08.2018 | Türkmenistanyň DIM-nde “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi

28-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Amul-Hazar 2018” awtorallisine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Çärä Aşgabatda ýerleşýän ilçihanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.


28.08.2018 | Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra pu­dak­la­ýyn ser­gi we mas­la­hat ge­çi­ril­ýär

Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da “Türk­men­gur­lu­şyk — 2018” hal­ka­ra ser­gi we “Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň ösü­şi” at­ly mas­la­hat açyl­dy.


28.08.2018 | Azia­da­da ku­raş bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­re ba­dal­ga be­ril­di

XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da ku­raş bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da me­dal­la­ry ga­zan­mak üçin bäs­le­şik­ler baş­lan­dy. Şu gün­ki gün Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry üçin üs­tün­lik­li bol­ma­dy.


28.08.2018 | Türk­me­nis­tan — ÝHHG: köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk

Paý­tag­ty­my­zyň “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da žur­na­lis­ti­ka ul­ga­myn­da bi­lim ber­me­giň gu­ra­ly­şy­nyň düýp­li esas­la­ry­na ba­gyş­la­nan iki gün­lük okuw mas­la­ha­ty öz işi­ne baş­la­dy.


28.08.2018 | «Türkmengurluşyk — 2018» atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylara

Sizi «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan ýylda «Türkmengurluşyk — 2018» atly halkara serginiň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


27.08.2018 | Daşoguz welaýatynyň oba mekdepleri interaktiw enjamlar bilen üpjün edilýär

Täze okuw ýylynyň öň ýanynda interaktiw tagtalaryň ellisi we täze döwrebap enjamlaryň tapgyry Daşoguz welaýat bilim müdirliginiň ygtyýaryna gelip gowuşdy. Olar şäherleriň we obalaryň umumy bilim berýän mekdeplerinde ornaşdyrmak üçin etraplara bölünip berildi.


27.08.2018 | Türkmen zyýaratçylary Mekgeden dolanyp geldiler

Şu gün Gurban baýramynyň nurana günlerinde Mekgä we Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary Watanymyza sag-aman gaýdyp geldiler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter