Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

10.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, wajyp özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy baradaky hem-de döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.


10.12.2018 | Resmi habar

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi.


09.12.2018 | Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy we Olimpiýa şäherçesine bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow säher bilen adaty endigine eýerip, egindeşleri bilen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde sport maşklaryny ýerine ýetirdi.


08.12.2018 | Türkmenistan döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy aýgytly göreşýär

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralar bilen bilelikde üstünlikli geçirilen ýörite çäreleriň birnäçesiniň barşynda ele salnan neşe serişdelerini, psihotrop maddalary, ýasama temmäki önümlerini ýok etmek boýunça nobatdaky çäre geçirildi.


08.12.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.


07.12.2018 | Türkmenistan — Awstriýa: dostlugyň we sungatyň simfoniýasy

Şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň 10 ýyllygy mynasybetli dabara we bu waka bagyşlanyp, “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi.


06.12.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.


06.12.2018 | Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti barada halkara maslahat geçirilýär

Şu gün “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahat açyldy.


06.12.2018 | Aşgabatda binagärlik döredijilik sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly binagärlik döredijilik sergisi öz işine başlady.


05.12.2018 | «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara

Sizi «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu halkara maslahatynyň Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny çuňňur öwrenmekde, häzirki we geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmakda örän ähmiýetli hem-de netijeli boljakdygyna ynanýaryn.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter